Samarkant şäher jenaýat kazyýeti Özbegistanyň konstitusion gurluşyna wehim salmakda aýyplanan ýerli ýaşaýja garşy höküm çykardy diýip, “Gazeta.uz” habar berdi.
Kazyýet işiniň materiallaryna görä, graždanin E.Hasanow 1979-njy ýylda Samarkant döwlet uniwersitetini tamamlady, Samarkandyň 11-nji agşamky mekdebinde iki ýyl matematikadan ders berdi, soň “Watanparvar” guramasynda işledi we 2011-nji ýylda pensiýa çykdy.
Kazyýetiň kararynda bellenmegine görä, ol 2021-nji ýylda russiýaly Oleg Turişkiniň çykyşlaryny diňläp başlaýar. Rus raýaty onuň SSSR graždanlygyndan çykmak barada arza bermändigini anyklap, ony "SSSR-iň Döwlet reýesteri" toparyna goşýar we poçta arkaly SSSR graždanlygynyň şahadatnamasyny iberýär.
Hasanow “YouTube” arkaly Alekseý Iwanowiç diýilýän bir adam bilen tanşyp, 2023-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Moskwa gidýär we “Sowet Soýuzyny dikeltmegiň” tarapdarlaryny toplaýan, bu döwlet “entek kanuny taýdan dargadylmady” diýip hasaplaýan adamlar bilen duşuşýar.
Şeýle-de, olar Iosif Stalin döwrüniň konstitusiýasynyň we kanunlarynyň ýakyn wagtda yzyna dolanyp geljekdigini we öňki 15 respublikanyň birleşjekdigini aýtdylar.
Kazyýet Hasanowy Jenaýat kodeksiniň 159-njy maddasynyň 1-nji bölümi boýunça (Özbegistan Respublikasynyň konstitusion gurluşyna wehim salmakda) günäkär hasaplady. Bu aýyplama esasynda ol 2 ýyldan 5 ýyla çenli türme tussaglygyna köküm edilip bilinýär. 74 ýaşyny, pensionerdigini, ozal sud edilmändigini nazarda tutup, kazyýet onuň azatlygyny 3 ýyl çäklendirmeli etdi.
Günäkärlenen adamyň sagat 22: 00-dan 6: 00-a çenli ýaşaýyş jaýyny terk etmegi, gözegçilik gullugynyň rugsady bolmazdan ýasaýyş ýerini üýtgetmegi, Samarkant sebitiniň çäginden çykmagy we internet ulanmagy gadagan.