Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän “Merkezi Aziýa - Germaniýa” görnüşindäki ikinji ýokary derejeli duşuşygyň çäginde Germaniýanyň Federal kansleri Olaf Şolz bilen duşuşdy diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Federal kansler Olaf Şolz bilen "Merkezi Aziýa - Germaniýa" gepleşikleriniň dowamynda geçirilýän ilkinji ikitaraplaýyn duşuşygynyň türkmen-nemes gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalanmagyna goşant goşjakdygyna ynam bildirdi diýip, TDH ýazýar.
German hökümetiniň başlygy öz ýurdunyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Türkmen prezidenti iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň 90 ylalaşygy öz içine alýan berk hukuk binýady esasynda yzygiderli we uzak möhletleýin ösýändigini aýtdy.