Saud Arabystanynda ABŞ-nyň we Russiýanyň bu ýurda gelen wekilleriniň arasynda gepleşik geçirilýär.
Duşuşyga amerikan tarapyndan ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio, Milli howpsuzlyk geňeşçisi Maýkl Waltz we Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili Stiw Witkoff dagy gatnaşýar. Rus tarapyndan bu gepleşiklere Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, prezidentiň kömekçisi Ýuriý Uşakow we Russiýanyň göni maýa goýum gaznasynyň (RDIF) başlygy Kirill Dmitriýew gatnaşýar
ABŞ resmileri bu gepleşikleriň Russiýanyň Ukrainadaky urşuň parahatçylykly tamamlanmak mümkinçiligi baradaky niýetinde näderejede çynlakaýlygyny kesgitlemek üçin açylan "ilkinji aragatnaşyk" bolandygyny aýtdylar.
Kreml gepleşikleriň “ilki bilen rus-amerikan gatnaşyklarynyň bütin toplumyny dikeltmäge”, şeýle-de, “Ukraina boýunça mümkin bolan gepleşikleri taýýarlamaga we iki prezidentiň arasynda duşuşyk gurmaga” bagyşlanjakdygyny aýtdy.
Bu ikitaraplaýyn gepleşik bolup, Ukraina olara gatnaşmaýar. NBC News, amerikan resmilerine salgylanyp, ABŞ-nyň ilki Russiýa bilen, soň Ukraina bilen ikitaraplaýyn gepleşik geçirip, soňra bilelikdäki gepleşikleri geçirmek isleýändigini habar berdi.