“Türkmenistan” awiakompaniýasy haj we umra zyýaratyny amala aşyrmaga Saud Arabystanyna gitmekçi bolýan zyýaratçylar üçin täze lukmançylyk talaplarynyň girizilendigini habar berdi.
“Biznes Türkmenistan” neşiriniň awiakompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanyp ýazmagyna görä, täze düzgüne laýyklykda, zyýaratçylar poliowirusa, meningokal meningit we sary gyzzyrma kesellerine garşy lukmançylyk sanjymlarynyň geçirilendigi hakynda güwänama almaga borçly edildi.
Täze talaplar baradaky giňişleýin maglumatyň Saud Arabystanynyň Saglyk ministrliginiň web-saýtynda ýerleşdirilendigi aýdylýar.
Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýetiniň başlygy Ýalkap Hojagulyýew bilen Saud Arabystanynyň haj we umra ministri Taufik Bin Fawzan Al-Rabia 13-nji ýanwarda Jidda şäherinde duşuşyp, haj möwsümini geçirmek hakyndaky ylalaşyga gol çekdi diýip, türkmen metbugaty habar berdi.