Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystany Türkmenistana ýene 25 tonna hurma iberdi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Saud Arabystany 20-nji fewralda Türkmenistana Oraza aýyna gabatlap 25 tonna hurma gowşurdy diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Saud Arabystanynyň ilçihanasynyň binasynda patyşa Salman adyndaky goldaw-hemaýat merkeziniň iberen 25 tonna hurmasyny gowşurmaga bagyşlanan dabara patyşalygyň Aşgabatdaky ilçisiniň wezipesini ýerine ýetirýän wekil Nawaf Al-Raşid, Türkmenistanyň dini edarasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Habarda bellenmegine görä, sowgat berlen hurmalar ýurduň metjitlerine we dini edaralaryna paýlanylar.

Türkmen metbugaty bu wakanyň “iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygynyň ýene-de bir aýdyň güwäsi bolandygyny” belledi.

Saud Arabystany Türkmenistana geçen ýylda hem 25 tonna hurmany sowgat beripdi.

XS
SM
MD
LG