Samarkant sebitinde 27 ýaşly bir aýal adamsynyň ýençmegi netijesinde jan berdi. Hukuk goraýjy edaralara baryp 16-njy ýanwarda şikaýat edilen hem bolsa, üç çaganyň enesiniň urlup-ýenjilmegine garşy jenaýat işi açylmandyr. Onuň yzynda 1, 3 we 8 ýaşyndaky çagalary galdy diýip, “Nemolçi.uz” taslamasy habar berýär.
Taslamanyň maglumatyna görä, adamsy Şahnozany şu ýylyň 6-njy ýanwarynda ýençdi. Ýöne ne onuň özi, ne-de ýaşaýan etrabynyň wekilleri bu barada içeri işler edaralaryna habar berdi.
Bu wakadan birnäçe gün geçeninden soň, Şahnozanyň ejesi Russiýadan gelýär we ýenjilen aýal keselhana ýerleşdirilýär.
Keselhana ýerleşdirilende Şahnozanyň bedeninde köp sanly tegmil bar eken, emma, garyndaşlarynyň aýtmaklaryna görä, zerur bolan saglyk barlagy geçirilmedi.
Diagnoz umumy sözler bilen çäklenýärdi we zorluk alamatlaryna zerur bolan reaksiýa bildirilmedi, gelniň adamsy keselhana gelip, Şahnozadan ýenjilmek faktyny wideo kameranyň öňünde inkär etmegini talap etdi diýip, habarda aýdylýar.