Hytaýyň "gaýtadan terbiýeleýiş lagerlerinden" aman galan etniki gazaklar Gazagystana gelip, maşgalalary bilen birleşseler-de, geçen durmuşy barada hiç zat aýtmaýar. Olar muny "islemeýändikleri üçin däl-de, gorkuzylandygy üçin" aýtmaýarlar.
«HABAR GOÝMA, TELEFONDA SURATA DÜŞÜRME»
Hytaýdan gelen etniki gazak Sarsenbek Akbar bäş ýyl aýralykdan soň, maşgalasyna birleşdi. Sarsenbek 2023-nji ýylyň 8-nji fewralynda, Almaty oblastynyň Akşy obasyna – öz öýüne gaýdyp geldi.
Sarsenbek öňräkden Gazagystanda ýaşaýardy, ýöne 2017-nji ýylda garyndaşynyň ýasyna gatnaşmak üçin, Sinjianga gitdi-de, soň yzyna dolanyp bilmedi. Ol hytaý häkimiýetleri tarapyndan tussag edilipdir.
Sarsenbekiň aýaly Gülnur Kosdaulet 2020-nji ýylyň fewralyndan bäri äriniň maşgalasyna gaýdyp gelmegini talap edip, Almatydaky Hytaý konsullygynyň öňünde, yzygiderli proteste çykdy. Käte ol garry gaýynenesini – Sarsenbekiň 80 ýaşly ejesi Akbary maýyp arabasynda, konsullygyň öňüne getirýärdi.
Gülnur Hytaý konsullygynyň alnynda, dini garaýyşy we dil aýratynlygy sebäpli Sinjiangda etniki azlyklaryň zuluma duçar edilýändigini açyk aýdýardy. Ol resmi Pekinden adam hukuklaryna hormat goýmagy talap etdi. Her niçigem bolsa, bäş ýyldan soň, ahyry onuň ýanýoldaşyny Hytaýdan çykardylar.
Ne Sarsenbekiň özi, ne-de onuň aýaly Gülnur bolan ýagdaýlar barada gürrüň bermeýär.
— Häzirlikçe hiç zat ýazmazlygy haýyş edýärin.
— Siz näme üçin gorkýarsyňyz? Adamyňyz Gazagystana gaýdyp geldi. Bu gorky nämeden?
— Men hiç zatdan gorkamok. Ýöne ýanýoldaşyma henizem wagt gerek ýaly görünýär. Ol maňa tarap ylgap gelşine: «Habar goýma, telefonda surata düşürme» diýip, gygyryp başlady. Onuň beýnisi zäherlenen.
Sinjiangdan bolan ýene bir etniki gazak Zeýnolla Rakyžan 17 (!) ýyldan soň Gazagystandaky maşgalasyna gowuşdy. Onuň dolanyp gelmegi dabaraly boldy – Almaty aeroportynda ony köp adam garşylady. Şondan bäri iki ýyl geçse-de, Rakyžan häzirem dymýar.
Zeýnolla Rakyžan Gazagystana maşgalasy bilen 2000-nji ýylda göçüp gelipdi. Dört ýyldan soň dogan-garyndaşlaryny görmäge Hytaýa baranda, Sinjiangda tussag edildi. Türmeden soň hem onuň maşgalasyna dolanyp bilmeýändigi habar berlipdi. Ol iki ýyllap "gaýtadan terbiýeleýiş lagerinde" oturypdyr hem ýene-de iki ýyl öý tussaglygynda galypdyr.
Almaty aeroportynda ony garşy alanlaryň arasynda, entegem Hytaýda dogan-garyndaşlary galanlar bardy. Ol: «Men öýüme dolananyma begenýärin. Goý, iki ýurduň arasyndaky dostluk baky dowam etsin. Siziň dogan-garyndaşlaryňyz hem çykar, olar koronawirus sebäpli saklanýarlar. Siziň ähliňiziň dogan-garyndaşyňyzy goýberýärler» diýdi. Žurnalistleriň Hytaýdan çykjak bolanyňyzda, nähilidir bir duýduryş berildimi diýen soragyna: "Ýok" diýip jogap berdi.
Zeýnolla Rakyžanyň aýaly Farida Kabylbek hem Gülnur Kosdaulet ýaly, köplenç Hytaý konsullygynyň öňüne proteste çykyp, öz ýanýoldaşynyň ýurda dolanmagyny talap edýärdi.
Ýanýoldaşy yzyna dolanyp gelenden soň, muny "soň" etjekdigini aýdyp, habarçylara interwýu bermekden boýun gaçyrdy. Ýakynda biz ýene-de Farida Kabylbek bilen habarlaşdyk, ýöne ýagdaý üýtgemändir: «Zeýnolla interwýu bermez, onda beýle isleg ýok. Ol meni-de saklaýar, hiç ýere gitmezligi we interwýu bermezligi haýyş edýär» diýdi.
«GIÝEWIME ZYÝAN ÝETIRESIM GELENOK. MAŇA DÜŞÜNIŇ»
Etniki gazak D. (howpsuzlyk sebäbi ady agzalmaýar) hem Almatydaky Hytaý konsullygynyň öňünde, 2020-nji ýylyň fewralyndan bäri ýanýoldaşynyň yzyna dolanmagyny talap edip, protestlere gatnaşýardy, ýöne şu wagta çenli netije gazanyp bilmeýär. Geçen ýylyň sentýabr aýynda ol şeýle diýdi: "Men hiç hili interwýu berip biljek däl, sebäbi Hytaýdaky ýanýoldaşyma zyýan ýetirýärin. Maňa gaýdyp jaň etmäň" diýdi hem protesti bes etdi.
Beýleki bir adynyň tutulmagyny islemeýän gazak 2017-nji ýylyň güýzünde, Hytaýdaky jaýyny satmaga gidipdir we iki aý "syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş lagerinde" bolupdyr. Onuň aýtmagyna görä, lagerden çykansoň, ýene bir ýyl öý tussaglygynda saklanýar. Ahyry 2019-njy ýylyň maýynda Gazagystana dolanyp, öz maşgalasyna gowuşdy. “Barysy eýýäm düýş ýaly geçdi” diýip, ol gysgaça jogap berýär. Gazagystanda bolup, indi kimden gorkýandygyny soranymyzda, ol şulary aýtdy:
— Men iki aýdan gaýdyp gelerin diýip, giýewimi zamun goýdum. Men gaýtmazymdan öň, hiç zat aýtmajagym barada, polisiýa dil haty berdim. Bu zatlar sebäpli giýewime basyş edilmejegine ynamym ýok. Eger men aç-açan gürrüň bersem, oňa ýene köp zyýan ýetirerin, maňa düşüniň.
«KEMSIDILMELERE ÇYDAP BILMEDIM»
Rahima Sembaýkyzy 2017-nji ýylda dogan-garyndaşlaryny görmäge Hytaýa gidýär, şol bada tussag edilýär. Ol iki aý türmede oturýar, 10 aý "syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş lagerinde", ýene iki aý hem öý tussaglygynda oturýar. Ony Gazagystana 2018-nji ýylyň dekabrynda goýberýärler.
Rahima 4 çaganyň ejesi. Onuň sözüne görä, Hytaýda saklananda, bäşinji çagasyna göwreli eken, ýöne tussag edilen güni ony zor bilen abort edipdirler. Rahima türmeden özüniň iki taýaga söýenip çykandygyny aýdýar.
— Biziň maşgalamyzda diňe iki çaga bardy. Kakam hem meniň bilen bir döwürde "syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş lagerinde" oturdy. Şol wagt jigim Hytaýda polisiýa işgäri bolup işleýärdi, meniň çagalarym bilen ýanýoldaşym bolsa Gazagystanda ýaşaýardylar. Men yzyma dolanmak üçin, kakam bilen ejemi zamun goýdum. Men polisiýa bölümine baryp, Gazagystana gelenimde, hiç zat aýtmajakdygyma dil haty ýazdym. Olaryň ykbaly barada alada edip, uzak wagtlap dymdym. Emma men türmede hem lagerde gören kemsitmelerime çydap bilmedim. Şonuň üçinem ähli zady aýdýan – diýip, ol gürrüň berýär.
Rahima bir ýyldan bäri ene-atasy bilen gürleşip bilmeýär. Aýtmagyna görä, ýerli häkimiýetler olara gyzy bilen gürleşmegi gadagan edipdirler. Geçen ýyldan bäri jigisiniň türmede oturandygyny eşidipdir. Rahima onuň özi üçin ejir çekýändigine ynanýar.
— Meniň pikirimçe, doganymyň tussag edilmeginiň sebäbi meniň köpçülikleýin habar serişdelerine aç-açan interwýu bermegim hem-de lagerde başdan geçiren horluklarym barada aýdanlarym bilen baglanyşyklydyr – diýip, Rahima aýdýar.
«ADAMLARYŇ RUHY SYNDYRYLAN»
Sinjiangdaky uýgurlar, gazaklar we beýleki etniki türki toparlar 2016-njy ýyldan bäri dil we dini ynançlary sebäpli ezilişe duçar bolýarlar.
Ilkibaşda Sinjiang häkimiýetleri ýerli ýaşaýjylaryň şahsy dokumentlerini ýygnap alyp, soňra daşary ýurtlarda ýaşamaga rugsady bolanlaryň hossarlaryny soraga çagyryp başlaýarlar. Olaryň birleri dini ynançlary sebäpli uzak möhletli tussaglyga höküm edilipdir, beýlekilerini ýapyk edaralarda iki ýyla çenli saklaýarlar, Pekin resmi taýdan ol edaralary "hünär öwrediş merkezleri" diýip atlandyrýar.
Lagerlerde olara Hytaý Kommunistik partiýasynyň ideologiýasy öwredilýär, Si Jinpingiň baştutanlygyndaky partiýanyň kanunlary we ony öwýän goşgulary ýat tutmaga mejbur edýärler. Bu ýapyk guramalaryň öňki tussaglary we halkara guramalary ony ýerli lager diýip atlandyrýarlar hem-de adamlaryň ol ýerde gynalýandygyny aýdýarlar.
Lagerleriň tussaglarynyň arasynda, Gazagystanyň graždanlygyny almagy başaran adamlar hem bardy. 2018-nji ýylyň ahyrynda gazaklardan bir bölegi "syýasy taýdan gaýtadan terbiýeleýiş lagerlerinden" boşadyldy we olar Gazagystana gaýdyp başladylar. Ýöne olardan az sanlysy lagerlerde başdan geçirenleri barada, aç-açan gürrüň bermäge batyrlyk tapdy. Galan köplügi henizem dymýar.
Sinjiang gazaklarynyň hukuklaryny goraýan «Нағыз Атажұрт» atly hasaba alynmadyk guramanyň ýolbaşçysy Bekzat Maksuthan olaryň yzarlanmalardan gorkup, başdan geçirenleri barada gürrüň etmeýändiklerini aýdýar.
— Birinjiden, Sinjiangdaky adamlaryň kemsitmelerden hem horluklardan soň ruhy döwlen. Olaryň saglygy diňe bir ejir çekmekden däl, eýsem psihiki taýdan hem bozuldy. Ikinjiden, adamlary Gazagystana goýbermezden öň, ýerli häkimiýetleriň, milli howpsuzlygyň we polisiýanyň wekilleri olara ähli tarapdan basyş edýärler hem-de olaryň iki döwletiň arasyndaky dostluga "zyýan ýetirmeli däldigi" barada ündew geçýärler. "Siz bu ýerde doguldyňyz, ulaldyňyz, okap bilim aldyňyz, indi Gazagystana baranyňyzda, Hytaý barada erbet söz aýtmaň» diýip, beýnisine guýýarlar. Mundan daşary-da, Gazagystanda "öz adamlarynyň bardygyny, Gazagystanda Hytaýyň abraýyna zyýan ýetirjek bir zat aýdylsa, olaryň bulary tapjakdygyny" aýdyp haýbat atýarlar. Hatda olary Hytaýa getirip biljekdigi bilen gorkuzýarlar – diýip, Bekzat Maksuthan gürrüň berýär.
Hytaýdaky etniki gazaklara kömek edýän «Атажұрт еріктілері» jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy Erbol Dauletbekuly hytaý häkimiýetleriniň Sinjiangdan Gazagystana gitmek kararyna gelenlerden, özleri üçin zamun tapmagy talap edýändigini aýdýar.
— Eger bir adam başga ýurda gitmekçi bolsa, azyndan üç adam zamunlyga alynýar. Ýurtdan çykandan soň, eger interwýu berse ýa-da internete girse, zamun goýlan dogan-garyndaşlarynyň höküm ediljekdigi daşary ýurda gidýän adama duýdurylýar. Bu adam birnäçe aýlap, özüne zamun geçjegi gözleýär, olaryň razylygyny aljak bolup ýalbarýar. Aslynda hiç kim zamun galmak islemeýär. Sebäbi olar hem hiç hili günäsiz höküm edilip bilinjekdigini bilýärler – diýip, ol aýdýar.
Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary we dünýä metbugaty öňräkden bäri Hytaýyň Sinjiang sebitinde ýaşaýan musulmanlaryň "syýasy lagerlerde" köpçülikleýin tussag edilýändigini ýygy-ýygydan ýazýarlar.
BMG-niň maglumatyna görä, Hytaý häkimiýetleri 2017-nji ýyldan bäri Sinjiangda lagerleri açyp, dini ynançlary we dürli garaýyşlary üçin 1 million uýgur, gazak we beýleki musulmanlary ol ýerde tussaglykda sakladylar. Barlagçylaryň maglumatyna görä, Pekin musulman ilatyny azaltmak üçin, Sinjiangdaky aýallaryň çagasyny aýyrdýar hem sterilizasiýa edýär.
Lagerlerde bolup çykan aýallar garawullar tarapyndan zorlanandygyny, erkekler bolsa gynamalara sezewar edilendigini aýtdylar. Halkara adam hukuklary guramalary we Günbatar ýurtlary Pekini Sinjiangdaky musulmanlara garşy "genosid" etmekde aýyplaýarlar.
Hytaý häkimiýetleri "syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş lagerlerini" "hünär öwrediş merkezleri" diýip atlandyrdylar, Sinjiangda alyp barýan syýasatyna bolsa "ekstremizme garşy göreş" diýip, özüne bildirilýän aýyplamalary düýpgöter ret edýär. Günbatar ýurtlarynyň we BMG-niň wekillerine Sinjiang sebitine barmaga Pekin ýol bermän gelýär hem döwlet mediasynyň üsti bilen Sinjiangda "bagtly durmuşy" görkezmäge çalyşýar.
Astana Hytaýyň Sinjiangdaky syýasaty barada, resmi beýanat bermän geldi, ýöne Sinjiangdaky gazaklaryň Gazagystana "diplomatik kanallar arkaly" dolanýandygyny aýtdy.
Hytaýyň Gazagystandaky ilçisi Sinjiangda tussag edilenleriň 'Hytaýyň graždanydygyny' aýdyp, olaryň "hytaý kanunyny bozandygyny” mälim edýär. Gazagystanyň Daşary işler ministrligi bolsa "beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşluşyp bilmejekdigini" öňe sürýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum