23-nji awgustda Russiýanyň günorta-günbataryndaky Wolgorod regionynyň türmeleriniň birinde tussaglaryň bir topary koloniýanyň ençeme işgärini zamun aldylar. Bu barada Russiýanyň Federal jeza çäresi gullugy (FSIN) habar berdi.
Surowikino şäheriniň 19-njy belgili berk şertli koloniýasynda bolan wakada birnäçe adamyň heläk bolandygy barada hem media maglumatlary gowuşýar.
Telegram kanallarynda özlerini “Yslam Döwletiniň söweşijileri” atlandyrýan, elleri pyçakly dört tussagyň wideolary paýlaşylýar.