Russiýanyň Ukrainanyň demirgazyk-günbataryndaky Sumy şäherinde bir ýaşaýyş binasyna uran raketa zarbasy 11 adamyň ölmegine, 89 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, ukrain resmileri 18-nji noýabrda aýtdylar.
Russiýanyň ikinji raketa hüjümi bolsa, sebitiň dolandyryş merkeziniň elektriksiz galmagyna sebäp boldy.
Rus serhedinden 40 km uzaklykda ýerleşýän Sumy şäherinde öldürilen 11 adamyň arasynda iki sany çaga hem bar diýip, Ukrainanyň içeri işler ministri Ihor Klymenko aýtdy. Bu binadan 400-den gowrak adam ewakuasiýa edildi.
Halas edijiler zyýan ýeten binanyň her bir kwartirasyny barlap, ol ýerlerde bolup biläýjek adamlary gözleýärler.
Sumy şäherine edilen gijeki hüjüm Kiýewiň Ukrainanyň elektrik toruna 120 raketa we 90 pilotsyz uçar bilen hüjüm edilendigini aýdan wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.
Moskwa Ukrainanyň raýat infrastrukturasyny yzyny kesmän nyşana alýar. Bu hili zarbalar uruş jenaýaty hasaplanýar.