Russiýanyň sudy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň baýry žurnalisti, ABŞ we rus goşa raýaty Alsu Kurmaşewany 6,5 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Bu barada Associated Press 22-nji iýulda habar berdi.
Sud Kurmaşewany Russiýanyň harbylary barada ýalan maglumat ýaýratmakda günäli tapdy.
Maglumata görä, Kurmaşewa 19-njy iýulda Kazanda gizlin ýagdaýda geçirilen kazyýet diňlenişiginde höküm çykarylypdyr.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy, şeýle-de ABŞ-nyň hökümeti Kurmaşewa garşy aýyplamalaryň, onuň Pragada media serişdesinde žurnalist bolup işläni üçin, ar almak maksady bilen ýöňkelendigini aýdýarlar.