Russiýanyň Belgorod regionynyň Krasnoýaruž etrabyndaky parahat ilatyň tas ählisi ewakuasiýa edildi diýip, regionyň häkimi mälim etdi. Bu Ukrainanyň güýçleriniň goňşulykdaky Kursk regionynda ilerlemegini dowam etdirmeginiň arasynda bolup geçdi.
“11 müňden hem aşa adam terk etdi” diýip, 13-nji awgustda häkim Wýaçeslaw Gladkow Telegram kanalynda ýazgy galdyrdy. “Häzirki wagtda 1 müň töweregi adam wagtlaýyn ýaşaýyş merkezlerinde saklanylýar” diýip, ol sözüne goşdy.
Etrabyň uruşdan öňki ilaty 14 müň adamdy.
Häkim etrabyň ewakuasiýa ediljekdigini 12-nji awgustda yglan etdi we sebite barýan ýollary petikledi.
Etrabyň häkimi häzir sebitde galýan 500 adamyň esasan resmilerdigini, adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň işgärleridigini we möhüm hünärmenlerdigini aýtdy.
12-nji awgustda Ukrainanyň güýçleri Kursk regionynyň merkezi Sudža şäherinden wideo paýlaşdylar. Bu wideonyň anyk haçan ýazgy edilendigi doly belli däl.