Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Harkow binalaryna uran zarbasynda 21 adam ýaralandy


Harkow şäheriniň häkimi Ihor Terekow  agyr zyýan ýeten binadan 60 ýaşaýjynyň ewakuasiýa edilendigini aýtdy.
Harkow şäheriniň häkimi Ihor Terekow  agyr zyýan ýeten binadan 60 ýaşaýjynyň ewakuasiýa edilendigini aýtdy.

Rus harbylary Ukrainanyň Harkow şäherindäki köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna hüjüm edip, şu hepde yz-yzyna edilen ikinji gije hüjümde onlarça adamy ýaralady.

21-nji sentýabr güni giçlik taşlanan bombalar şäher merkeziniň demirgazygyndaky Şewçenkowski etrabyna gaçdy diýip, Harkowyň gubernatory Oleh Synyehubow aýtdy. Dokuz ýaşaýyş jaýyna dürli derejelerde zyýan ýetdi diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

21 adam, şol sanda 8 ýaşly çaga ýaralandy diýip, Synyehubow we Harkow şäheriniň häkimi Ihor Terekow aýtdy.

Terekow Telegram habarlaşma programmasynda agyr zyýan ýeten bir binadan 60 ýaşaýjynyň ewakuasiýa edilendigini aýtdy.

Ukrainanyň Harby-howa güýçleri 22-nji sentýabrda howa goranyş ulgamlarynyň öten agşam Russiýanyň uçuran 80 hüjüm dronynyň 71-sini urandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG