Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Harkiw regionyna uran zarbalarynda birnäçe adam, şol sanda bir çaga ýaralandy


Russiýanyň Harkiwe uran zarbalarynyň netijeleri (arhiw suraty)
Russiýanyň Harkiwe uran zarbalarynyň netijeleri (arhiw suraty)

1-nji oktýabrda irden Russiýanyň Ukrainanyň ikinji iri şäheri Harkiwe uran zarbalary netijesinde weýrançylyklar ýüze çykdy diýip, häkim Ihor Terekhow Telegramda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, şäheriň hususy ýaşaýyş jaýlaryna we jemgyýetçilik ulag duralgasyna zeper ýetipdir. Ol adam pidalary ýa-da şikeslenenler barada entek maglumatyň ýokdugyny hem sözüne goşdy.

Harkiwiň 15 km demirgazygynda ýerleşýän Derhaçi şäherine edilen meňzeş hüjümde bäş adam, şol sanda 14 ýaşly bir oglan ýaralandy diýip, Harkiw regionynyň häkimi Oleh Synýehubow habar berdi.

XS
SM
MD
LG