Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň goranmak ministri Özbegistana sapar edýär


Andreý Belousow 
Andreý Belousow 

Goranmak ministri Andreý Belousow Daşkende resmi sapar edýär diýip, Russiýanyň Goranmak ministrligi habar berdi.

Russiýanyň goranmak ministri Daşkentde Özbegistanyň goranmak ministri, general-maýor Şuhrat Halmuhamedow, şeýle-de ýurduň harby-syýasy ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirer.

Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, "saparyň barşynda Andreý Belousow Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygy üpjün etmek meselelerini, şeýle-de Russiýa bilen Özbegistanyň arasyndaky harby we harby-tehniki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşar."

Belousow geçen ýylyň dekabrynda NATO bilen bolup biljek harby çaknyşyklara taýýarlyk hakynda gürrüň etdi.

XS
SM
MD
LG