Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky wiza düzgünini ýatyrmak meselesi gün tertibinde duranok diýip, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň GDA döwletleri boýunça birinji departamentiniň direktory Mikael Agasandýan “RIA Nowosti” gullugyna aýtdy.
20-nji awgustda çap bolan habarda, rus resminiň häzir iki ýurduň arasyndaky saparlaryň Moskwa bilen Aşgabadyň arasynda 1999-njy ýylda baglaşan şertnama esasynda düzgünleşdirilýändigini aýdandygy bellenilýär.
Mundan başga-da, Agasandýan Russiýanyň GDA-nyň gün tertibindäki ähli meseleler boýunça türkmen hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklaryny giňeltmäge meýillidigini hem nygtapdyr.