Russiýa onlarça ganatly raketa we dronlar bilen Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyna garşy giň gerimli hüjümi amala aşyrdy.
Ukrainanyň günortasyndaky Odesa şäherinde ençeme partlamanyň sesleri eşidildi. Bu aralykda, Kiýewiň regional resmileri sebitde howa hüjümine garşy duýduryşlaryň işledilendigini aýtdylar.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski hüjümiň "terror" akty bolandygyny aýtdy we munuň rus prezidenti Wladimir Putini "diňe boş gürrüňler bilen saklap bolmajakdygyny äşgär edendigini" belledi.
Zelenskiniň, deslapky maglumatlara salgylanyp, aýtmagyna görä, Russiýa 93 sany raketany, şol sanda Demirgazyk Koreýanyň öndüren azyndan 1 raketasyny atypdyr. Ol raketalaryň 81-iniň urlup düşürilendigini aýtdy, şeýle-de Russiýanyň ýene 200 drony atandygyny sözüne goşdy.
Ýurduň esasy energiýa operatory Ukrenerho hüjümiň netijesinde ýurduň energiýa üpjünçiligine çäklendirmeleriň ornaşdyrylandygyny aýtdy.
Soňky hüjüm Ýewropada soňky onýyllyklaryň dowamyndaky iň uly urşy togtatmak boýunça diplomatiki tagallalaryň artdyrylan döwrüne gabat geldi.
"Bu Putiniň 'parahatçylyk plany' - ähli zady weýran etmek. Ol şeýdip - millionlarça adamy terrorda saklap - 'gepleşikleri' isleýär" diýip, Zelenski X sosial ulgamynda ýazdy.
Soňky hepdeleriň dowamynda Russiýa Ukraina garşy hüjümlerini ýaýbaňladýar, we ýurduň gündogar sebitlerinde haýallyk bilen öňe ilerleýär.
Russiýa soňky hüjümler bilen bagly beýanat bermedi.
Mundan bir gün öň, NATO-nyň başlygy Mark Rute Russiýanyň lideriniň "Ukrainany kartanyň ýüzünden syryp aýyrmagy" maksat edinýändigini we soňy bilen Ýewropanyň beýleki sebitlerine aralaşyp biljekdigini aýtdy.
Hüjümiň netijesinde ýeten zyýanyň gerimini bada-bat anyklamak mümkin däl.
“Nobatdaky gezek, Ukrainanyň energiýa pudagyna giň gerimli hüjüm edildi. Hünärmenler ýurduň energiýa ulgamyna ýetip biljek oňaýsyz netijeleriň öňüni almak boýunça ähli zerur çäreleri geçirýärler” diýip, Ukrainanyň energiýa ministri Herman Haluşçenko Facebook sahypasynda ýazgy galdyrdy.
Ukrainanyň daşary işler ministri Andriý Sybiha Kiýewiň ýaranlaryna ýüzlenip, Russiýanyň hüjümlerine garşy durup bilmek üçin, gyssagly ýagdaýda has köp howa hüjüminden goranyş ulgamlarynyň ugradylmagyny sorady.
“Şu gün irden Russiýa Ukraina garşy giň gerimli raketa hüjümini amala aşyryp, esasan energiýa ulgamlaryny nyşana aldy” diýip, Sybiha X sosial ulgamynda ýazgy galdyrdy.
Russiýa Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyny nyşana alyp, şuňa meňzeş giň gerimli hüjümi 28-nji noýabrda hem amala aşyrypdy. Weýrançylykly zarbalar sebäpli ýurduň energiýa üpjünçiliginde uly bökdençlikler döräpdi.
12-nji dekabrda Ukrenerho “uly gerimli dikeldiş işleriniň netijesinde, energiýa hünärmenleriniň 28-nji noýabrdaky hüjümiň döreden weýrançylyklaryny aradan aýyrmak boýunça kem-kemden öňe ilerleýändiklerini” mälim etdi.
Russiýa 2022-nji ýylyň fewralynda doly gerimli urşy başladandan soň, ýygy-ýygydan Ukrainanyň raýat we energiýa infrastrukturasyny nyşana alýar. Moskwa bu hüjümlerini sowuk aralaşyp başlan döwri hasam ýygjamlaşdyrýar. Munuň netijesinde, ukrainlar eýýäm üçünji gyşy uly kynçylyklaryň we energiýa bökdençlikleriniň arasynda geçirýärler.
Ukrainanyň Energetika ministrliginiň maglumatyna görä, 2022-nji ýylyň oktýabryndan bäri Russiýa Ukrainanyň energiýa ulgamyny nyşana alyp, 1000 hem aşa zarbalary urupdyr.
Şu ýylyň hasabyna Russiýa 11 gezek Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyna hüjüm etdi.
Forum