Russiýa 21-nji noýabr güni irden Ukrainanyň iň möhüm senagat künjegine, günorta-gündogar Dnipropetrowsk sebitine giň gerimli raketa hüjümini etdi.
"Agressor ir sagatlardan başlap, biziň sebitimize köpçülikleýin hüjüm etdi" diýip, gubernator Serhiý Lysak telegramda aýtdy we, deslapky maglumatlara salgylanyp, sebit paýtagty Dniproda bir senagat desgasyna zyýan ýetendigini sözüne goşdy.
Poltawa sebitindäki Kremençukda hem partlamalaryň bolandygy habar berildi.
21-nji noýabrda ukrain territoriýasy birnäçe sagatlap howa hüjümi duýduryşy astynda boldy. Ukrainanyň howa güýçleri Russiýanyň dürli nyşanalara birnäçe raketa atandygyny aýtdy.
Bu hüjüm Kiýewdäki ABŞ ilçihanasy şähere edilmegi mümkin uly hüjüm sebäpli wagtlaýyn ýapylanyndan bir gün soň edildi. Ilçihananyň 21-nji noýabrda gaýtadan açylmagyna garaşylýar.