10-njy iýulda Russiýa Ukrainanyň Gara Deňizdäki port şäheri Odesadaky we ýurduň beýleki ýedi regionyndaky infrastruktura desgalaryna hüjüm etdi. Bu barada Ukrainanyň Harby howa güýçleri habar berdiler.
Maglumata görä, Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş gulluklary Russiýanyň atan bäş raketasyndan üçüsini, şeýle-de goýberen 20 dronundan 14-sini urup düşüripdirler.
Odesa Ukrainanyň däne eksporty üçin möhüm port şäheridir. Russiýa oňa dowamly zarbalary urýar.