Moskwanyň harby kazyýeti 3-nji iýulda prawoslaw ruhanysy Igor Aşeulowyň üç ogluny ukrain ýaragly güýçlerine goşulmak niýetinde aýyplap, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm etdi.
Ioan Aşeulow 17 ýarym ýyl azatlykdan mahrum edildi, onuň doganlary Alekseý we Timofeý dönüklik etmek we terrorçy topara goşulmak niýetlerinde günäli tapylyp, 17 ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Doganlar özlerini günäkär hasaplamaýandyklryny aýtdylar.
Olar 2023-nji ýylyň iýulynda, Ukrainanyň serhedine golaý ýerde, “Russiýanyň azatlygy” diýlip atlandyrylýan legiona goşuljak bolanda tussag edildi.
Bu legion esasan rus raýatlaryndan ybarat bolup, ukrain ýaragly güýçleri bilen bilelikde, çozup gelen rus goşunlaryna garşy söweşýär.