Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus raýatlygyndan çykarylan türkmen, jenaýat edendigi üçin, ýurduna ugradyldy


Tula görnüşi
Tula görnüşi

Tulada "Halk" diýlip tanalýan türkmen Ruslan Surhaýew Russiýanyň raýatlygyndan mahrum edilip, jenaýat işi sebäpli Türkmenistana ugradyldy diýip, “Turkmen.news” neşiri rus metbugatyna salgylanyp habar berýär.

Tula metbugatynyň ýazmagyna görä, häkimiýetler bu adam Russiýa Federasiýasynyň “milli howpsuzlygyna wehim salýar” diýen netijä gelipdirler.

33 ýaşly Ruslan Surhaýew rus metbugatynyň sahypalarynda ilkinji gezek türgen hökmünde tanaldy: 2014-nji ýylda ol greplling göreşi boýunça Tula sebitiniň çempiony boldy. Şol döwürde Surhaýew Hukuk we dolandyryş institutynda okaýardy we gelip çykyşy esasynda däl-de, görnüşinden, Russiýa wekilçilik edýändigi sebäpli rus raýaty bolup durýardy.

Emma ol 2019-njy ýylda sportda gazanan üstünlikleri bilen däl-de, öz göreş usullaryny Tuladaky restoranlaryň birinde ulanmak bilen tanaldy.

Restoranda tutulan ‘göreş’ häkimiýetleriň goşulmagy bilen togtadyldy diýip, habarda türkmenistanly ýigidiň ýurtdan çykarylmagyna getiren hereketleri barada anyk gürrüň berilýär.

XS
SM
MD
LG