Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus harbylary Ukraina dron zarbasyny urdy, Odesada ýaralananlar bar


Arhis suraty
Arhis suraty

28-nji ýanwara geçilýän gije rus harbylary Ukraina “Şahed” raketalary bilen hüjüm etdiler. Harkowda ussahana we gaz geçiriji ýanýar, ejir çekenler bar diýip, ýerli häkimiýetler habar berdi. Odesada ýaşaýyş jaýlaryna zyýan ýetdi, üç adam ýaralandy.

Harkow şäheriniň häkimi Igor Terekow Russiýanyň zarbalarynyň şäheriň günorta-günbataryndaky Nowobawarskiý etrabynda bir raýat kärhanasynda uly ýangynyň turmagyna sebäp bolandygyny aýdýar.

Harkow şäheriniň adatdan daşary ýagdaýlar bölüminiň müdiri Bohda Gladkih biraz soňra “Suspilne” neşirine kärhananyň ussahanasynyň we gaz geçiriji turbasynyň otlanandygyny aýtdy. Resmi, deslapky maglumatlara görä, munuň agaç ussahanasy bolandygyny anyklaşdyrdy.

"Zarbadan soň kärhanada önümçilik üçin ulanylýan gazyň geçirijisi zaýalandy. Şunuň bilen baglylykda uly ýangyn turdy. Döwlet gyssagly kömek gullugynyň 12-den gowrak bölümi, şeýle-de Harkow şäher geňeşiniň tehniki enjamlary ýangyny söndürmäge çekildi" diýip, Harkow halas ediş bölüminiň başlygy aýtdy.

XS
SM
MD
LG