Rus goşuny 12-nji fewrala geçilen gije Kiýewe ballistik raketalar bilen zarba urdy. Ölen we ýaralanan adamlar bar diýip, ýerli häkimiýetler habar berdi. Ukrain paýtagtynyň birnäçe sebitinde weýrançylykly ýagdaýlar hasaba alyndy.
Gyssagly kömek gullugynyň habaryna görä, Obolonskiý etrabyndaky edara jaýynda ýangyn turdy. Şäher häkimi Witaliý Kliçkonyň tassyklamagyna görä, bu etrapda bir adam öldi.
Döwlet adatdan daşary ýagdaý gullugynyň metbugat sekretary Pawel Petrow bu ýerde dört adamyň, şol sanda keselhana ýerleşdirilen dokuz ýaşly gyzjagazyň hem ýaralanandygyny aýtdy.
Kliçko Kiýewiň Goloseýewskiý, Podolskiý we Swýatoşinskiý ýaly birnäçe etrabynda ýangyn turandygyny habar berdi.