Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rubio Ysraýyl sapary wagtynda Hamasy Gazadan 'ýok etmeli' diýdi


Marko Rubio premýer-ministr Benýamin Netanýahu bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş edýär
Marko Rubio premýer-ministr Benýamin Netanýahu bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş edýär

ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio Ysraýylyň Gaza zolagynda alyp barýan uruş hereketleriniň maksatlaryna doly goldaw berýändigini we ABŞ, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen Hamasyň “ýok edilmelidigini” aýtdy.

"[Hamas] dolandyryp biljek güýç ýa-da ugrukdyryp biljek güýç, ýa-da zorluk ulanmak wehimini salyp biljek güýç bolup galsa, parahatçylyk mümkin bolmaz" diýip, Rubio 16-njy fewralda premýer-ministr Benýamin Netanýahu bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

"Ol ýok edilmeli" diýip, döwlet sekretary ysraýyl goşunynyň 16 aýlyk kampaniýasyndan öň Gazany dolandyran ekstremist topary nazarda tutup aýtdy.

Rubio Gazanyň harby ýa-da hökümet güýji bolup galmagyna ýol berilmejekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG