Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Roýters: Siriýa häkimiýetleri Russiýanyň Başar al-Asady yzyna bermegini soraýar


Başar al-Asad
Başar al-Asad

Siriýanyň täze häkimiýetleri öňki prezidentiň, 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda, häkimiýet hökümete garşy güýçlere geçeninden soň Moskwa gaçan Başar al-Asadyň yzyna berilmegini talap etdiler.

"Roýters" habar gullugy bu habary Siriýa-Russiýa gepleşikleriniň barşyndan habardar çeşmä salgylanyp berdi.

Siriýa ýa-da Russiýa bu talaby resmi taýdan yglan etmedi.

Siriýa hökümetiniň çap eden beýanatynda duşuşyk wagtynda "kompensasiýa tölemek, gaýtadan gurmak we dikeltmek ýaly anyk çäreler arkaly, Russiýanyň Siriýa halkynyň arasyndaky ynamy dikeltmekdäki rolunyň" nygtalandygy aýdylýar.

Şeýle-de, beýanatda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin tarapyndan gaçybatalga berlen Başar al-Asadyň režiminiň pidalary üçin "adalat" barada gürrüň edildi.

Siriýa häkimiýetleriniň anyk nähili kompensasiýany talap edýändigi anyklaşdyrylmaýar.

Rus prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow bu maglumat barada düşündiriş bermedi.

"Men bu meseläni düşündirişsiz goýaryn. Dialogy dowam etdireris" diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG