Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Roýters: Putin-Tramp duşuşygy BAE-de ýa-da Saud Arabystanynda bolup biler


Tramp bilen Putiniň 2018-nji ýyldaky duşuşygy
Tramp bilen Putiniň 2018-nji ýyldaky duşuşygy

Rus häkimiýetleri Saud Arabystanyny ýa-da Birleşen Arap Emirliklerini Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň duşuşyp biljek ýeri hasaplaýarlar. "Roýters" habar gullugy bu habary rus çeşmelerine salgylanyp çap etdi.

Tramp Ukrainadaky urşy soňlamak isleýändigini we bu maksada ýetmek üçin Putin bilen telefonda gürleşmek we onuň bilen duşuşmak isleýändigini birnäçe gezek aýtdy.

Kremlde hem Tramp bilen gatnaşyk gurmaga taýýarlyk mälim edildi. Emma muňa garamazdan, Trampyň kasam kabul ediş dabarasyndan bäri geçen iki hepdäniň dowamynda bu hili aragatnaşyk barada resmi habar berilmedi.

Tramp 2-nji fewral agşamy žurnalistlere ABŞ-nyň Ukraina we Russiýa bilen "gepleşik geçirýändigini" aýtdy. Prezidentiň sözlerine görä, "olar gaty gowy geçýär".

Ol ara alyp maslahatlaşmalara kimiň gatnaşýandygyny ýa-da nämäniň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny aýtmady.

Şeýle-de, Tramp "Dürli partiýalar, şol sanda Ukraina we Russiýa bilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň eýýäm meýilleşdirilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG