Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Raisiniň dikuçary howa şertleri sebäpli gaçdy – Eýran harbylarynyň hasabaty


20-nji maýda halas ediş işgärleri Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisiniň dikuçarynyň gaçan sebitinde iş alyp barýarlar.
20-nji maýda halas ediş işgärleri Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisiniň dikuçarynyň gaçan sebitinde iş alyp barýarlar.

19-njy maýda bortunda Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisiniň hem bolan dikuçarynyň gaçmagyna “çylşyrymly howa we atmosferiki şertler”, şol sanda agyr ümür sebäp boldy diýip, bu ýagdaýlary seljeren ýörite komissiýanyň “soňky” hasabatynda aýdylýar.

Harby güýçleriň Baş ştabynyň hasabatynda dikuçaryň “hüjüm ýa gorag ulgamlary, elektroniki uruş, şeýle-de döredilen magnit meýdany we lazerler” bilen nyşana alnandygy baradaky mümkinçilikleriň aradan aýrylandygy bellenilýär.

22-nji awgustda ýarym-resmi Fars habarlar gullugy dikuçuarda gereginden artyk agramyň bolandygyny ýazypdy. Emma Baş ştab bu öňe sürmäni ret etdi we özüniň soňky hasabatynda agram meselesini asla agzamady.

19-njy maýda dikuçar Tabriz şäherine barýan mahaly ýere gaçanda, Raisi we bortundaky başga-da ýedi adam heläk boldy. Dikuçar agyr ümür şertlerinde daglyk we tokaý sebitlerinden uçupdy.

XS
SM
MD
LG