Türkmenistanyň çägindäki magistral ýollaryň ugrunda gözegçilik çekýän ýol polisiýa işgärleriniň, dürli bahanalary arap, sürüjilerden para tamakin bolýandygy barada maglumatlar gowuşýar. Ýakynda gara ýollar arkaly ýurduň dürli sebitlerine syýahat edip gören habarçymyz, Polisiýanyň Ýol Gözegçilik Gullugynyň (PÝGG) işgärleriniň sürüjilere çemeleşişiniň hem regiondan regiona görä tapawutlanýandygyny belleýär. Bu aralykda, ýurduň sebitara uly ýollarynda bolýan heläkçilikli köçe-ýol hadysalary barada barha köp maglumat gowuşýar.
Habarçymyz Aşgabat-Türkmenabat magistral ýolunyň takmynan her 50 km aralygynda ýol polisiýasynyň gözegçilik çekýändigini synlady. PÝGG işgäri uly ýoluň boýundaky has çola ýerlerde, gum depeleriniň, duralgalaryň, baglaryň dagy arkasynda bukuda gizlenip, ulaglaryň gelerine garaşýar.
Uzynlygy ortaça 600 km bu magistral ýolda ulaglaryň hereketine 90 km/sagat tizlik araçägi girizildi. Habarçymyz şäherara gatnaýan sürüjileriň köpüsiniň, ýoluň ilatly nokatlaryň ýerleşmeýän çola ýerlerinde bu çäkden aşyp, ulaglaryny 100-120 km/sagat tizlikden hem sürýändiklerini gürrüň berdi.
“Uly ýollaryň ugrunda durýan ýol polisiýasy, hususanda tizlik çägini geçen ulaglary awlaýar. Polisiýa bu etmiş üçin sürüjilik şahadatnamanyň hem elden alnyp bilinjekdigini duýdurýar, we özlerine 50-70 manat aralygynda para berilse, onda hadysany görmezlige saljakdygyny aýdýar” diýip, şäherara taksiçilik bilen meşgullanýan maryly sürüji habarçymyza gürrüň berdi.
Ol PÝGG işgärleriniň kesgitlenen tizligi bozmadyk sürüjileri hem saklap, olaryň ulaglarynyň daşky keşbine, medisina gutujygyndaky serişdelere dagy “yrsarap”, para tamakin bolýandyklaryny hem sözüne goşdy.
“Kä halatlarda ýoluň ugrundaky polisiýa şol bir ulagy yzly-yzyna saklaýar. Şol pursat, sürüji: ‘ýaňy hem biriňize pul berdim, beýtmäň, ýagdaýa düşüniň’ diýende, onda PÝGG işgäri 20 manat para hem razy bolup goýberýär” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi belledi.
Şol bir wagtda, habarçymyz Aşgabat-Türkmenbaşy uly ýoluň ugry boýunça hem polisiýanyň işgärlerini synlandygyny, emma takmynan 550 km ýoluň dowamynda, özüniň barýan ulagynyň ýeke gezek hem saklanmandygyny belledi.
“Balkanda ýol polisiýasy sürüjilere boş ýere kän azar bermeýär. Beýleki sebitlerden tapawutlylykda, olaryň köpüsinde ulagyň tizligini ölçär ýaly radary hem göze ilmeýär. Munuň sebäbini bilmeýäris. Emma ýol polisiýasy, uzakly gün çola ýerde bukuda oturanyndan, köçeleriň howply hasaplanýan ýerlerinde nobatçylyk çekse has gowy bolardy. Ýollaryň sandan çykan, gum depeleriniň üýşýän bölekleri köp. Eger-de dowamly gatnap ýören sürüji bolmasa, bu ýerlerde köçe-ýol hadysasynyň bolmagy hem gaty ähtimal” diýip, şäherara taksiçilik bilen meşgullanýan ýene bir sürüji habarçymyza gürrüň berdi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýerli polisiýa müdirliklerinden kommentariýa alyp bilmedi.
Soňky döwür ýurduň uly magistral ýollarynyň ugrunda ýüze çykýan, şol sanda adam pidaly köçe-ýol hadysalary barada barha köp maglumat gowuşýar.
Diňe Azatlyk Radiosynyň habarçylary 2023-nji ýylyň ýanwaryndan bäri ýurduň dürli sebitlerinde azyndan 24 adamyň ýol hadysalarynda heläk bolandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, şeýle-de döwletiň eýeçiligindäki habar serişdeleri ýurduň çäginde hasaba alynýan ýol hadysalary barada halka hasabat bermeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum