Ýol polisiýasy ýollaryň boýunda gizlenip, sürüjileri ‘awlaýar’
Türkmenistanyň çägindäki magistral ýollaryň ugrunda gözegçilik çekýän ýol polisiýa işgärleriniň, dürli bahanalary arap, sürüjilerden para tamakin bolýandygy barada maglumatlar gowuşýar. Ýakynda gara ýollar arkaly ýurduň dürli sebitlerine syýahat edip gören habarçymyz, Polisiýanyň Ýol Gözegçilik Gullugynyň (PÝGG) işgärleriniň sürüjilere çemeleşişiniň hem regiondan regiona görä tapawutlanýandygyny belleýär. Bu aralykda, ýurduň sebitara uly ýollarynda bolýan heläkçilikli köçe-ýol hadysalary barada barha köp maglumat gowuşýar.