Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putiniň saparyndan soň, Azerbaýjan BRICS-e goşulmak arzasyny berdi


Ýanwar aýynda BRICS bileleşigine Eýran, Müsür, Efiopiýa we Birleşen Arap Emirlikleri goşuldy.
Ýanwar aýynda BRICS bileleşigine Eýran, Müsür, Efiopiýa we Birleşen Arap Emirlikleri goşuldy.

Azerbaýjan ösýän ýurtlaryň BRICS bileleşigine goşulmak üçin resmi arza berdi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Aýhan Hajizadeh bu göçümi 20-nji awgustda, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Günorta Kawkaz ýurduna eden saparyndan bir gün soň yglan etdi.

On ýyldan gowrak wagt içinde bu topara diňe bäş ýurt - Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrika girdi. Ýöne ol soňky döwürde uly giňelişe eýe boldy.

Ýanwar aýynda BRICS bileleşigine Eýran, Müsür, Efiopiýa we Birleşen Arap Emirlikleri goşuldy. Saud Arabystany hem bu topara goşulmak meselesine seredýändigini aýtdy.

Azerbaýjan BRICS-e goşulmak islegini ilki iýul aýynda mälim etdi we Hytaý ony gutlady.

XS
SM
MD
LG