Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Mongoliýa geldi. Bu dawaly sapar bilen baglylykda Ulan Batora rus liderini tussag etmek barada halkara çagyryşlar edildi.
Düýbi Gaagada ýerleşýän Halkara Jenaýat Kazyýetiniň Putini tussag etmek boýunça geçen ýylky çykaran orderi esasynda, bu guramanyň agzasy bolup duran Mongoliýa rus liderini saklamak boýunça çagyryşlar edildi.
Russiýanyň Ukrainanyň okupirlän territoriýalaryndan çagalary bikanun deportasiýa etmegi bilen baglylykda, Putine bu order çykaryldy.
Putin Russiýanyň Tuwa regionyndan Mongoliýa gelende, mongol resmileri Ulaanbaataryň halkara aeroportunda onuň öňüne gyzyl haly düşediler we hormat garawulyny düzdüler.
Onuň bu sapary sowet we mongol goşunlarynyň 1939-njy ýylda Halkin Golda ýapon armiýasyndan üstün çykmagynyň 85-nji ýyl dönümine gabat geldi.
Mongoliýa 2003-nji ýyldan bäri Halkara Jenaýat Kazyýetiniň agzasydyr.
Kreml Putiniň sapary bilen baglylykda “alada galmaýandyklaryny” aýtdy.