Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Trampy ABŞ saýlawyndaky ýeňşi bilen gutlady


Finland Trump Putin Summit
Finland Trump Putin Summit

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Donald Trampy ABŞ-nyň prezident saýlawynda gazanan ýeňşi bilen gutlady we Moskwanyň saýlanan respublikan prezident bilen gepleşiklere açykdygyny aýtdy.

"Men pursatdan peýdalanyp, ony Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlamak isleýärin" diýip, Putin Gara deňiz boýundaky kurort şäherde, Soçide geçirilen halkara maslahatda çykyş edeninden soň aýtdy.

Tramp kampaniýa döwründe, eger-de prezident saýlansa, Ukrainadaky urşy salymyny bermän soňlap biljekdigini aýtdy, ýöne munuň jikme-jikliklerini kän açmady.

Putin bu aýdylýanlaryň üns berilmegine mynasypdygyny, eger Tramp gatnaşyklary dikeltmek islese, Russiýanyň maslahata taýýardygyny aýtdy.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow 7-nji noýabr güni irden Putin bilen Trampyň arasyndaky gepleşikleriň ABŞ-da ýanwar aýynda boljak kasam kabul ediş dabarasyndan öň geçirilmeginiň hem ähtimaldygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG