Russiýadan we Birleşen Ştatlardan bolan diplomatlar Waşingtondaky we Moskwadaky diplomatik missiýalary bilen bagly meseleleri çözmek boýunça geçiren gepleşiklerini tamamlady. Rus prezidenti Wladimir Putin bu gepleşikleriň “belli bir derejede umyt berýändigini” aýtdy.
27-nji fewralda Stambulda alty sagatdan gowrak dowam eden maslahatlaşmalar diplomatik gatnaşyklaryň gowulandyrylmagyna gönükdirildi. Bu gepleşikler Ukraina urşuny soňlamak boýunça ýaňy-ýakynda geçirilen gepleşikleriň yz ýanyna gabat gelýär. Şol gepleşikler ABŞ Kiýewi hem-de Brýusseli hasaba goşmazdan parahatçylyk ylalaşygyny gazanar diýen aladalara ýol açypdy.
“Men amerikan administrasiýasy bilen ilkinji kontaktyň belli bir derejede umytlandyrýandygyny bellemek isleýärin” diýip, rus prezidenti Wladimir Putin Federal howpsuzlyk gullugynda geçiren ýygnagynda aýtdy.
“Hökümetara gatnaşyklary gaýtadan dikeltmek boýunça, hem-de dünýäniň täze howpsuzlyk arhitekturasynda emele gelen bir topar sistematik we strategik meseleleri çözmek babatynda özara ymtylyş bar” diýip, ol belledi.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Maria Zaharowa Moskwanyň bu ýygnagyň “düşünişmezlikleri aradan aýyrmakda hem-de ynam döretmekde ABŞ tarapyny we bizi golaýlatmak üçin” mundan beýläk geçiriljek ekspert geňeşmeleriniň ilkinjisi boljakdygyna umyt bildirýändigini aýtdy.
Döwlet departamentiniň metbugat sekretary ýygnakdan öň žurnalistler bilen geçiren söhbetdeşliginde “ýygnagyň gün tertibinde hiç bir syýasy we howpsuzlyk meseleleriniň, şol sanda Ukrainanyň bolmandygyny” aýtdy.