Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Aşgabatda özüniň eýranly kärdeşi Pezeşkiýan bilen duşuşar


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow (sagda) Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen Aşgabatda (arhiw suraty)
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow (sagda) Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen Aşgabatda (arhiw suraty)

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin şu hepde Aşgabatda geçiriljek forumyň dowamynda özüniň eýranly kärdeşi Masud Pezeşkiýan bilen duşuşmagy planlaşdyrýar. Bu Ýakyn Gündogardaky krizisiň has has ula ýazmak howatyrlary arasynda bolup geçýär.

7-nji oktýabrda Russiýanyň habar agentlikleriniň prezidentiň kömekçisi Ýuriý Uşakowyň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, iki lider 11-nji oktýabrda Türkmenistanyň paýtagtynda duşuşarlar.

Uşakow gepleşikleriň dowamynda, beýleki meseleler bilen birlikde Ýakyn Gündogardaky barha dartgynlaşýan ýagdaýlaryň hem maslahat ediljekdigini aýtdy.

Aşgabatdaky forum Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýär.

Putiniň foruma gatnaşjakdygy häzire çenli yglan edilmändi.

XS
SM
MD
LG