2023-nji ýylyň aýagynda Türkmenistanyň ilaty çäklendirmeleriň ýene-de bir tapgyry bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ýaşaýjylara Täze ýyly öz isleglerine görä bellemek gadagan edildi, hatda çagalar üçin oturylyşyklar hem ýatyryldy, täze ýyl arçalary we baýramçylyk bezegleri tutuş ýurt boýunça ýok edildi. Bu ýagdaýda döwlet telewideniýesi prezidentiň we onuň maşgala agzalarynyň Täze ýyl baýramçylygyny bezegli arçalaryň ençemesiniň ýanynda kaşaň belländigini görkezdi.
Ýurduň ilaty Täze ýyly sebäpleri resmi taýdan hiç düşündirilmedik berk çäklendirmeler bilen garşylaýarka, döwlet telewideniýesi prezidentiň baýramçylygy öz maşgalasy bilen belleýşini dabaralandyrdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow, onuň kakasy - öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we aýaly Ogulgerek, şeýle-de bu ikisiniň gyzlary hem-de agtyklary bilen bilelikde dürli täze ýyl arçalarynyň golaýynda görkezildi, ýaş maşgala agzalary fortepiano çaldylar we goşgy okap berdiler. Maşgala Täze ýyl atmosferasynda wagt geçirdi.
Şol bir wagtyň özünde-de ýurtda on müňlerçe çaga täze ýyl dabaralaryna gatnaşmak, Aýazbaba goşgy okap bermek we köpden bäri garaşan sowgadyny almak mümkinçiliginden mahrum edildi. Mekdeplerde we çagalar baglarynda Täze ýyl dabaralaryny geçirmek häkimiýetleriň dilden eden buýrugy bilen gadagan edildi.
"Bu gezek Türkmenabatda çagalar baglarynda we mekdeplerde Täze ýyl oturylyşyklary bolmady diýen ýaly. Gyzym birinji synpda okaýar, Aýazbaba, goşgy okamak we sowgat almak bolmady. Göz üçin ýygnandylar, bolany" - diýip, mekdep okuwçylarynyň ejesi aýtdy.
Häkimiýetleriň dilden eden buýrugy bilen mekdeplerde we çagalar baglarynda Täze ýyl arçalary aýryldy we baýramçylyk geçirmek gadagan edildi. Köp mekdepler çagalar üçin öňünden taýynlanan çäreler düýbünden ýatyrylan bolsa, käbirlerinde çagalar üçin baýramçylyk gaty çäkli formatda geçirildi we munuň üçin jeza aldy. Kanun goraýjylar Türkmenbaşyda çagalar baglarynyň birnäçesini Täze ýyly bellemezlik barada ýokardan gelen buýruklary bozmakda aýyplady. Çagalar bagynyň ýolbaşçylaryndan düşündiriş alnyp, olara jerime salyndy we munuň bilen çäklenmän, işden aýrylmak ähtimallygynyň hem bardygy duýduryldy.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň bellemegine görä, baýramçylygyň çäklendirilmegi köp ýaşaýjylary, esasanam çagalary baýramçylyk keýpinden mahrum edipdir. Köpleriň agyr maddy ýagdaýy, çagalaryna öýde arça bezäp baýramçylyk guramaga mümkinçilik bermedi. Maşgalalaryň ençemesi hatda baýramçylyk saçagyna iýmit satyn almak üçin karza baş goşmaga mejbur boldular.
"Bu mende ýakymsyz duýgy döretdi. Ertekilerdäki ýaly erbet hökümdar körpeleri çagalykdan we şatlykdan mahrum etdi" - diýip, Türkmenabadyň ýaşaýjysy öz pikirini paýlaşdy.
Bu aralykda, şäherlerde Täze ýyly bellemek üçin birnäçe resmi dabara geçirildi. Telewideniýede görkezilen sahnalaşdyrylan bu dabaralara gatnaşdyrmak üçin öňünden saýlanan mekdep okuwçylary, mekdep şaýyna ýetmedik çagalar we döwlet işgärleri çekildi. Bu aralykda, sebit merkezlerindäki baş arça agaçlarynyň töweregindäki resmi dabaralara tomaşa etmäge ýerli ýaşaýjylara, şol sanda çagalara ýene-de rugsat berilmedi. Köp çaga sahnalaşdyrylan baýramçylyk çärelerini uzakdan synlamaga mejbur boldy.
Aşgabatda, baş arçanyň öňünde Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda çagalar üçin resmi dabarada ähli çykyşlar, aýdymlar we goşgular Arkadag we Arkadagly Serdar, ýagny kakaly-ogul Türkmenistanyň öňki we häzirki prezidentlerine bagyşlandy. Baýram 28-nji dekabrda ýurduň 44 metrlik Merkezi Aziýadaky iň beýik täze ýyl agajynyň ýanynda bolup geçdi.
Şeýle-de bolsa, bu ýyl, çäklendirmeleriň arasynda Täze ýyl baýramyny hiç bolmanda öýlerinde öz maşgalasy bilen bellemek her kime başartmady. Döwlet edara-kärhanalarynda işleýänler köpçülikleýin çärelerden başga-da, polisiýa işgärlerine jemgyýetçilik tertibini üpjün etmäge, köçelere gözegçilik etmäge mejbur edildiler.
“Biz çagalarymyz bilen bilelikde, saçak başynda Täze ýyl baýramyny bellemek isleýäris. Ýöne baýramçylykda hem bizi polisiýa işgärlerine kömege çärä çykarýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde Maryly bir mugallym zeýrendi.
Türkmen raýatlary häzirki şertlerde prezidentiň maşgalasynyň Täze ýyl baýramçylygyny belleýşi barada pikir alyşýarlar. Telewideniýede görkezilen ýagdaý ýurduň ýaşaýjylaryna, şol sanda çagalara gönükdirilen eden-etdilikli gadaganlyklaryň we çäklendiriji talaplaryň bulary girizen döwlet başyndakylaryň maşgalasyna hiç hili täsiriniň ýokdugyny aýan etdi. Azatlyk Radiosynyň diňleýjileriniň teswirleriniň birinde prezidentiň maşgala agzalarynyň hemmesiniň adaty raýatlary tabyn edýän dürli gadaganlyklaryna doly äsgermezlik edýändikleri bellenýär.
"Türkmenistanyň aglaba ilaty çörek, un, towuk eti, pagta ýagynyň nobatynda durka, aktiwistleriň, žurnalistleriň, öz hakyny talap eden graždanlaryň basyma we tutha-tutluga sezewar edilýän mahaly, ýurduň awtoritar we kleptokrat režimi öz maşgalasy bilen şa apartamentlerinde baýram edýär. Üns berilse, Berdimuhamedowyň maşgalasynyň gyzlarynyň ählisi ýaglyksyz, saçlary, ýüzleri bezelen. Ýöne adaty halkyň zenanlarynyň boýanmaga, öz islegine görä geýinmegine haky ýok. Ine size klassyky totalitar režim" diýlip teswirde aýdylýar.
2023-nji ýylda ýurtda söz azatlygyna edilýän basyş dowam etdi we öz pikirini açyk beýan edýän raýatlaryň yzarlanmagy görlüp-eşidilmedik hereketler bilen utgaşdy. Birnäçe türkmen raýaty daşary ýurtlaryň çäginde ýitirim boldy we zor bilen Türkmenistana äkidildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum