Aşgabadyň esasy Täze ýyl agajynyň öňünde çagalar üçin baýramçylyk konserti geçirildi, oňa Türkmenistanyň prezidenti hem gatnaşdy. Resmi çäre, tutuş ýurtda çagalaryň täze ýyl baýramçylyklarynyň gadagan edilmeginiň we jemgyýetçilik ýerlerinde bezegli arçalaryň ýok edilmeginiň yzýany geçirildi.
Çagalar üçin dabarada ähli çykyşlar, aýdymlar we goşgular Arkadag we Arkadagly Serdar, ýagny kakaly-ogul Türkmenistanyň öňki we häzirki prezidentlerine bagyşlandy. Baýramçylyk tomaşasy 28-nji dekabrda ýurduň baş arçasynyň öňünde bolup geçdi, bu Täze ýyl agajy ýene-de Merkezi Aziýada iň beýik bolup çykdy.
Birmeňzeş ak eşiklere we milli geýimlere geýnen çagalar, prezidenti hormatlap garşy aldylar we gül gowşurdylar. Çagalar üçin bu dabarada döwlet baştutany hökümet agzalarynyň hem gutlagyna eýe boldy. Bu barada TDH habar berdi. Resmi maglumatda Serdar Berdimuhamedowyň “baýramçylyk çäresine gatnaşan ýaşlar bilen şatlyk we hezillik duýgusyny paýlaşandygy” aýdylýar.
Şeýle hem neşir, döwlet baştutany bilen bilelikde baýramçylyga gatnaşmagyň “ýaş türkmen raýatlary üçin uly mertebe bolandygyny” habar berdi. "Çagalar Prezident Serdar Berdimuhamedowy şatlyk bilen garşylaýarlar, şatlykly aýdymlarynda öz söýgüsini we bagtly çagalyk üçin minnetdarlygyny bildirdiler" diýip, TDH habar berdi.
Bu ýyl resmi baýramçylyk üçin bezelen bu meýdan paýtagtyň we tutuş ýurduň beýleki ýerlerinden has tapawutlanýar, sebäbi ähli ýerde Täze ýyl agaçlarynyň we baýramçylyk bezegleriniň tas hemmesi birden düşündiriş berilmezden ýok edildi.
Habarçylaryň Aşgabatdan berýän maglumatlaryna görä, penşenbe günki resmi dabara gatnaşyjylary toplamak üçin Aşgabatdaky mekdeplere okuwçylary tomaşaçy hökmünde ibermek barada buýruk berlipdir.
"Gatnaşanlara prezidentiň adyndan öňünden sowgat berildi we olara şatlyk hem minnetdarlyk bildirmek tabşyryldy" diýip, çärä gatnaşan çeşme gürrüň berýär.
Resmi çäreler adatça öňünden taýýarlanýar, gatnaşyjylar saýlanýar we telewideniýede görkezmek üçin surata düşürilýär. Baýramçylygyň geçiriljek ýerine ýönekeý ýaşaýjylara, çagalara we ululara barmaga rugsat berilmeýär.
Baş arçanyň ýanyndaky dabara gatnaşanlaryň sözlerine görä, olara dargamak buýrulansoň, käbirleri, şol sanda iň kiçileri öýlerine barmak üçin ýene ençeme wagtyny sarp etmeli bolupdyr.
"Çykyşdan soň çagalar öýlerine barýança iki sagatlap ýolda boldular. Gatnaşanlar üçin hajathana göz öňünde tutulmandyr we çagalar agaçlaryň aşagynda ýa-da köçede öz tebigy zerurlyklaryny berjaý etmeli boldular"- diýip, Aşgabatda Täze ýyl baýramçylygyna gatnaşanlaryň biri gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynda bar bolan wideoýazgylarda çagalaryň topar bolup, awtobus duralgalarynda oturanlygyny görmek bolýar. Paýtagtyň ýeke-täk jemgyýetçilik transporty bolan awtobuslar baýramçylyk günlerinde adatça seýrek ýöreýär. Wideoda, gatnaşyjylaryň gapdalynda raýat eşikli adamlaryň durandygyny we nämeleriň bolup geçýändigine gözegçilik edip, geçip barýanlary üns bilen synlaýandygyny görse bolýar.
Bu aralykda şu ýyl Türkmenistanyň hemme ýerinde çagalar Täze ýyl baýramçylygyny bellemek mümkinçiliklerinden mahrum edildiler.
Häkimiýetleriň dilden eden buýrugy bilen mekdeplerde we çagalar Täze ýyl arçalary aýryldy we baýramçylyk geçirmek gadagan edildi. Köp mekdepler çagalar üçin öňünden taýynlanan çäreler düýbünden ýatyrylan bolsa, käbirlerinde çagalar üçin baýramçylyk gaty çäkli formatda geçirildi we munuň üçin jeza aldy.
Hususan-da, kanun goraýjylar Türkmenbaşyda çagalar baglarynyň birnäçesini Täze ýyly bellemezlik barada ýokardan gelen buýruklary bozmakda aýyplady. Çagalar bagynyň ýolbaşçylaryndan düşündiriş alnyp, olara jerime salyndy we munuň bilen çäklenmän, işden aýrylmak ähtimallygynyň hem bardygy duýduryldy.
Türkmen häkimiýetleri Täze ýyl baýramçylygynyň çäklendirilmeginiň sebäpleri barada aç-açan düşündiriş bermeýärler. Balkanlar Azatlyk bilen söhbetdeş bolan çeşmeler bu gadaganlyklaryň Serdar Berdimuhamedowyň "konserwatiw dini garaýyşlary" bilen baglanyşykly bolup biljekdigini aýtdy.
Azatlygyň çeşmesi häzir Täze ýyly bellemek däbini çäklendirýän häkimiýetleriň üç ýylyň içinde ony düýbünden gadagan etmegi meýilleşdirýändigini öňe sürdi. "Prezidentiň hut özi buýruk berdi, häkimiýetler Täze ýyl baýramçylygyny 2026-njy ýyla çenli bütinleý gadagan etmek isleýär" - diýip, ýerli häkimiýete ýakyn çeşme aýdýar.
Türkmenistanda ilatynyň aglaba köplügi Täze ýyly esasy baýramçylygy hasaplaýar we ony maşgalasy bilen bellemegi halaýar.
Resmi habar beriş serişdeleri Täze ýyl mynasybetli Aşgabatda birnäçe baýramçylyk çäreleriniň, konsertleriň we teatr çykyşlarynyň meýilleşdirilýändigini habar berýärler, ýöne beýleki sebitlerde Täze ýyl baýramçylygynyň gadagan edilmegine degişli ýagdaýy gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum