Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşa Aşgabatdan Warşawada türkmen konsullygyny açmagy soraýar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Polşa Aşgabatdan Warşawada türkmenleriň konsullyk edarasynyň açylmagyny sorady diýip, hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow aýtdy.

"Polşa tarapy Aşgabatdan, döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegi üçin, Warşawada türkmen konsullygynyň ýa nokadynyň açylmagy baradaky meseläni oňyn çözmegini sorady” diýip, türkmen metbugaty R.Meredowyň anna güni geçirilen hökümet mejlisinde aýdan sözlerini sitirledi.

Bu habary “Interfaks” çap etdi.

Polşa 2022-nji ýylda Ukrainada başlanan uruşdan soň bu ýurtda okaýan we işleýän türkmenleriň köp gelen ýewropa ýurtlarynyň biri boldy.

Şeýle-de, Türkiýäniň türkmen migrantlary üçin wiza düzgünini girizmegi, Türkiýäniň türkmen aktiwistleri üçin öňki howpsuzlygyny ýitirmegi Polşa gelýän türkmen migrantlarynyň köpelmegine getirdi diýip, synçylar aýdýar.

XS
SM
MD
LG