30-njy iýula Masud Pezeşkiýan Eýranyň täze prezidenti hökmünde ýurduň parlamentinde kasam getirer. Ol şu aý geçirilen irki prezidentlik saýlawlarynyň ýeňijisi bolupdy.
28-nji iýulda Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýi Pezeşkiýany resmi taýdan tassyklady we oňa Günbatar döwletleriniň deregine, goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmek barada görkezme berdi. Mundan öň, täze prezident Günbatar bilen gepleşiklerde mümkin açyklygy ýaňzydypdy.
69 ýaşly aram reformaçy Pezeşkiýan käri boýunça ýürek lukmanydyr. Ol 5-nji iýulda geçirilen irki prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda aşa konserwatiw we berk syýasatyň tarapynda çykyş edýän bäsdeşi Saeed Jaliliden üstün çykdy. Pezeşkiýan sesleriň 54%-ni, Jalili hem 44%-ni aldy.
Türkmenistandan Eýranyň täze prezidentiniň innagurasiýa dabarasyna daşary işler ministri Raşid Meredow gatnşaýar.