Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Partlama, ýitgi habarlary berildi, Russiýanyň Krymdaky howa bazasy urlana meňzeýär


Nowofedoriwka obasynyň golaýynda ýerleşýän Saky harby howa meýdany mundan öňem birnäçe gezek raketa zarbasy bilen nyşana alnypdy.
Nowofedoriwka obasynyň golaýynda ýerleşýän Saky harby howa meýdany mundan öňem birnäçe gezek raketa zarbasy bilen nyşana alnypdy.

Basylyp alnan Krymdaky rus harby howa meýdany 26-njy iýul güni irden raketa nyşanasyna alyndy we bu hüjüm partlamalara, ýangyna sebäp boldy diýip, ukrain metbugaty we Russiýanyň telegram kanallary habar berýär. Ukrainanyň energiýa desgalary bolsa, ýene bir gezek rus toplarynyň we dronlarynyň hüjümlerine sezewar boldy.

Ukrainanyň "Suspilne" teleýaýlymy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, partlamalaryň Krymyň Saky we Ýewpatoriýa şäherlerinde bolandygyny habar berdi. Rus howa menziliniň ýerleşýän ýeri bolan Saky şäheriniň ýaşaýjylarynyň aýtmaklaryna görä, "Gaty güýçli partlamalar" boldy.

Krymyň telegramdaky “Ýel” kanaly howa meýdançasyndaky ok-däri ammarynyň urlandygyny aýtdy we, çeşmä salgylanyp, raketalaryň hem-de uçarlaryň ýarylandygyny habar berdi.

Russiýanyň “Astra” telegram kanaly basylyp alnan Krymdaky gyssagly kömek çeşmelerine salgylanyp, howa meýdançasyna we ok-däri ammaryna uzak aralyga ýetýän ATACMS raketalary bilen hüjüm edilendigini aýtdy. Astranyň habaryna görä, iki rus esgeri top gyçaklaryndan ýaralandy.

Şeýle-de, “Astra” ATACMS raketasynyň Russiýanyň Saky etrabyndaky howa goragy meýdançasyna hüjüm edip, radar stansiýasyny weýran edendigini aýtdy. Neşiriň ady aýdylmadyk çeşmelere salgylanyp beren habaryna görä, Ukrainadan jemi dört sany ATACMS raketasy atyldy we olaryň ikisi Russiýanyň howa goraglary tarapyndan uruldy.

Bu maglumat bada-bat garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi Kryma urlan zarbalary agzamady, diňe howa goraglarynyň alty sany ukrain pilotsyz uçaryny urandygyny, olaryň dördüsiniň Rostow sebitinde, iki sanysynyň Kursk sebitinde ýere gaçyrylandygyny aýtdy.

Nowofedoriwka obasynyň golaýynda ýerleşýän Saky harby howa meýdany mundan öňem birnäçe gezek raketa zarbasy bilen nyşana alnypdy.

Bu howa bazasynda Russiýanyň 43-nji söweş awiasiýa polky ýerleşýär. Bu polk Ukrainanyň günortasyndaky rus goşunlaryny goldamak bilen, Su-24 bombaçylaryny we Su-30 söweşijilerini dolandyrýar.

Rus goşunlary basylyp alnan Krymy 2022-nji ýylyň fewral aýynda, giň gerimli uruş başlanaly bäri, Ukraina raketa hüjümlerini etmegiň has ygtybarly howa mesgeni hökmünde ulanyp gelýärler.

Emma Birleşen Ştatlar aprel aýynda 300 kilometre çenli ýetýän we güýçli ballistik raketa ulgamyny, ATACMS, ýagny goşun taktiki raketa ulgamlarynyň görnüşlerini iberip başlady. Bu ulgamlar Russiýanyň Krymda ýerleşýän 100-den gowrak harby nyşanasynyň islendigini urmaga mümkinçilik berýär.

Şu aralykda Russiýa, pilotsyz uçarlar we raketa zarbalary bilen, Ukrainanyň energiýa desgalaryny ýene bir gezek nyşana aldy.

Energiýa üpjünçisi bolan Ukrenerho 26-njy iýulda Jitomyr we Çernihow sebitlerinde ýerleşýän desgalaryna zyýan ýetendigini aýtdy.

Ukrainanyň harby-howa güýçleri bolsa, öz howa goragçylarynyň 26-njy iýulda Russiýanyň ýurduň dört sebitindäki nyşanalara gönükdiren 22 pilotsyz uçarynyň 20-sini urandygyny aýtdy.

Herson, Sumy, Jitomyr we Çernihiw sebitlerine edilen hüjümler, Moskwanyň Ukrainanyň Dunaý boýundaky Izmaýil portundaky desgalara uran zarbasynyň yz ýanyna gabat geldi. NATO agzasy bolan Rumyniýanyň serhedine golaý urlan zarba ýaranlygyň, ýagdaýa gözegçilik etmek üçin, iki sany F-18 uçaryny asmana galdyrmagyna sebäp boldy.

Rumyniýanyň Daşary işler ministrligi Russiýanyň Buharestdäki ilçihanasynyň wagtlaýyn iş ynanylan wekilini çagyrdy diýip, ministrligiň 26-njy iýuldaky beýanatynda aýdylýar.

Forum

XS
SM
MD
LG