Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň polisiýasy Hanyň boşadylmagyna bagyşlanan ýörişden soň, partiýa liderlerini tussag etdi


Öňki premýer-ministr Imran Hanyň tarapdarlary we onuň 'Tehriki Insaf' partiýasy 5-nji awgustda, Hanyň türmä basylmagynyň birinji ýyl dönüminde ýöriş geçirýär. Arhiw suraty.
Öňki premýer-ministr Imran Hanyň tarapdarlary we onuň 'Tehriki Insaf' partiýasy 5-nji awgustda, Hanyň türmä basylmagynyň birinji ýyl dönüminde ýöriş geçirýär. Arhiw suraty.

Yslamabadyň polisiýasy öňki premýer-ministr Imran Hanyň “Tehriki Insaf” partiýasynyň merkezi ýolbaşçylaryna garşy tussag etmelere girişdi.

Polisiýa reýd geçirip, birnäçe partiýa liderini tussag etdi. Tussag edilenleriň arasynda partiýanyň ýolbaşçysy Gohar Ali Han, merkezi lider we parlamentiň agzasy Şer Afzal Marwat we partiýanyň baş sekretary Omar Aýub dagylar bar.

Bu tussag etmeler Hanyň partiýasynyň Yslamabadyň golaýynda ýygnanyşyp, onuň boşadylmagyny talap etmeginden bir gün soň geçirilýär.

Han premýer-ministr Şehbaz Şarifiň esasy garşydaşydyr.

Ýörişe gatnaşyjylar, eger Han iki hepdäniň içinde boşadylmasa, özleriniň güýç ulanjakdyklaryny aýtdylar.

Imran Han 2023-nji ýylyň awgustyndan bäri tussaglykda saklanýar we özüne garşy gozgalan bir topar jenaýat işlerine garamazdan, meşhur şahs bolmagynda galýar.

XS
SM
MD
LG