Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň öňki premýer-ministri Han 14 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


Pakistanyň öňki premýer-ministr Imran Han we onuň aýaly Buşra Bibi (arhiw suraty)
Pakistanyň öňki premýer-ministr Imran Han we onuň aýaly Buşra Bibi (arhiw suraty)

Pakistanyň kazyýeti öňki premýer-ministr Imran Hany we onuň aýaly Buşra Bibini uly galmagal döreden we Han tarapyndan ret edilen korrupsiýa işinde günäkär tapdy.

“Aýyplamanyň dogrudygy subut edildi. Han günäli tapyldy” diýip, kazy Nasir Jawed Rana Hanyň 14 ýyl, onuň aýalynyň 7 ýyl azatlykdan mahrum edilýändigi baradaky karary yglan etdi.

Olar Han häkimiýet başynda bolan wagtynda telekeçi Malik Riazdan bikanun gazanylan, ýagny ýuwlan pullaryň deregine ýer görnüşinde sowgat almakda aýyplandy. Prokurorlar bu işiň takmynan 190 million iňlis funty (240 million dollar) bilen bagly bolandygyny öňe sürdüler.

2018-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli premýer-ministr bolup işlän 72 ýaşly Han, öň kriket ýyldyzy bolan syýasatçy bir ýyldan gowrak wagt bäri türmede saklanýar.

Pakistanlylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolsa-da, ol 150-den gowrak jenaýat işi bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Han we onuň Pakistan Tehrik-e Insaf (PTI) syýasy partiýasy bu işleriň syýasy sebäpli aýyplamalara esaslanýandygyny öňe sürdi.

Han 2022-nji ýylyň aprelinde parlamentde geçirilen ynamsyzlyk ses berişliginiň netijesinde häkimiýetden çetleşdirildi.

Hanyň hökümi korrupsiýa garşy kazyýet tarapyndan, ozalky premýer-ministriň tussaglykda saklanýan Rawalpandi şäherindäki türmede okaldy.

Ýerli medianyň habaryna görä, Buşra Bibi, hökümiň okalmagynyň yzy bilen, tussaglyga ýerleşdirilipdir. Mundan öň, ol girewine goýberilipdi.

Hanyň aklawçysy Faýsal Çaudhry höküm bilen baglylykda ýokary kazyýetlere şikaýat ediljekdigini aýtdy. Bu aralykda, Pakistan Tehrik-e Insaf partiýasynyň agzalary parlament binasynyň daşynda ýöriş geçirip, ozalkly premýer-ministriň ýalňyşlyk bilen jezalandyrylýandygyny aýtdylar.

Partiýanyň ýaýradan beýanatynda Hana we onuň maşgalasyna garşy açylan işiň “düýpli esaslarynyň ýokdugy we onuň dargajakdygy” aýdylýar.

Hanyň käbir goldawçylary Rawalpindi şäherindäki Adiala türmesiniň daşynda jemlenip, hökümete garşy şygarlary gygyrdylar we Hanyň azat edilmegini talap etdiler.

Mundan ozal, Han korrupsiýa, resmi syrlary aýan etmek we nika kanunlaryny bozmak aýyplamalarynda üç aýry işde günäli tapylypdy we degişlilikde 10, 14 we ýedi ýyl azatlykdan mahrum edilipdi.

Pakistanyň kanunçylygyna görä, ol hökümleriň ählisini şol bir wagtda geçer, ýagny çykarylan iň uly tussaglyk möhletini geçer.

Forum

XS
SM
MD
LG