Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň Bulujystan welaýatynda hüjümçiler 20 magdançyny öldürdiler


Ýylyň başyndan bäri Bulujystan welaýatynda jeňçileriň hüjümleri ýaýbaňlandy.
Ýylyň başyndan bäri Bulujystan welaýatynda jeňçileriň hüjümleri ýaýbaňlandy.

11-nji oktýabrda irden Pakistanyň günorta-günbataryndaky Bulujystan welaýatynda näbelli hüjümçiler ýaraglardan ot açyp 20-ä golaý kömür magdançysyny öldürdi. Bu barada polisiýa habar berdi.

Ýerli resmileriň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, hüjüm welaýatyň Duki etrabynda ýüze çykypdyr. Polisiýa hüjümçileriň granatomýotlardan hem ot açandygyny belledi.

Saglyk resmileri hüjümde 20 adamyň ölendigini, ýedisiniň hem ýaralanandygyny aýtdylar.

Hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

Ýylyň başyndan bäri mineral serişdelerine baý Bulujystanda jeňçileriň hüjümleri ýaýbaňlandy.

Dürli buluç separatist toparlary, şol sanda ABŞ tarapyndan global terrorçy gurama hökmünde ykrar edilen Bulujystanyň Azatlyk Armiýasy Pakistanyň hökümetine garşy söweşýärler.

XS
SM
MD
LG