Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda polisiýa Halk geňeşiniň öň ýany hukuk toparlaryna basyş edýär


Paştun Tahawuz hereketiniň aktiwistleri, polisiýanyň reýdinden soň, göz ýaşardyjy gazlaryň boş gaplaryny toplaýarlar. 2-nji oktýabr
Paştun Tahawuz hereketiniň aktiwistleri, polisiýanyň reýdinden soň, göz ýaşardyjy gazlaryň boş gaplaryny toplaýarlar. 2-nji oktýabr

Pakistanyň demigrazyk-günbataryndaky Khyber Pakhtunkwa welaýatynda geçmeli Halk Geňeşiniň, ýagny kurial jirga maslahatynyň öň ýanynda, polisiýa ýurt boýunça Paştun Tahawuz hereketiniň ýolbaşçylaryna we agzalaryna garşy reýdleri geçirdi we olaryň birnäçesini tussag etdi.

Hereketiň Günorta Waziristan etrabyndaky ýolbaşçysy Şerzadeh Masidiň sözlerine görä, polisiýa ençeme aktiwisti, şol sanda zor bilen ýitirim edilenler barada iş alyp barýan Alamzeb Mahsudy hem tussag edipdir.

Khyber Pakhtunkhwa sebitinde geçirilen meňzeş reýdeleriň dowamynda, Paştun Tahawuz, ýagny Paştun Gorag hereketiniň liderleri ýenjilipdir we tussag edilipdir.

Hereketiň günortadaky Karaçi port şäherindäki lideri Nurullah Tarin, 27-nji sentýabrda kurial jirga maslahatyny geçirmek baradaky gepleşiklerden bäri, özleriniň sekiz agzasynyň terrorçylyk aýyplamalary esasynda tussag edilendigini aýtdy.

2-3-nji oktýabr aralagygynda Khyber Pakhtunkhwa sebitininiň polisiýasy maslahatyň geçmeli Peşewar şäheriniň golaýyndaky sebitinde ýene reýdleri geçiripdir.

XS
SM
MD
LG