Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Imran Hanyň tarapdarlary onuň türmeden boşadylmagyny talap edip, ýöriş geçirdi


Imran Hanyň tarapdarlary onuň türme tussaglygynyň birinji ýyl dönüminde şygar aýdyp, Swabide 5-nji awgustda ýöriş geçirýär. Arhiw suraty.
Imran Hanyň tarapdarlary onuň türme tussaglygynyň birinji ýyl dönüminde şygar aýdyp, Swabide 5-nji awgustda ýöriş geçirýär. Arhiw suraty.

Tussag edilen pakistan lideri Imran Hanyň tarapdarlary, berk howpsuzlyk çäreleriniň arasynda, onuň türmeden boşadylmagyny talap etmek maksady bilen ýygnanyşdy.

Pakistanyň iň esasy oppozisiýa partiýasy bolan “Tehriki Insaf” 8-nji sentýabrda Yslamabatda, polisiýanyň şähere barýan ýollary petiklemegine garamazdan, ýöriş geçirdi.

Häzirki premýer-ministr Şehbaz Şarifiň iň esasy garşydaşy bolan we 2023-nji ýylyň awgustyndan bäri tussag astynda galýan Han, özüne garşy gozgalan bir topar jenaýat işlerine garamazdan, meşhur şahs bolmagynda galýar.

Ol 2023-nji ýylyň 9-njy maýynda tussag edilenden soňra, onuň tarapdarlary gazaba münüp, ýurt boýunça harby gurnamalary weýran etdiler.

Han zorluga goltgy bermekde aýyplanyp, raýat kazyýetinde jogapkärçilige çekilýär, ol bu aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG