Özbegistanyň Samarkand şäheriniň kazyýeti 10-njy sentýabrda ýerli blogger Bahodur Hasanowy bozgakçylyk we adam mertebesini kemsitmek aýyplamalary boýunça 10 gije-gündiz möhlet bilen tussaglyga höküm etdi.
Şeýle-de, Hasanowyň kakasy onuň 2500 som (200 dollar) möçberinde jerime tölemäge-de höküm edilendigini Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy. Hasanow özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär.
Bloggeriň dogan-garyndaşlary bu işiň onuň ýerli ýaşaýjylaryň sezewar bolýan durmuş-ykdysady kynçylyklary we häkimiýetleriň baş goşýan korrupsiýa hadysalary barada berýän habarlary sebäpli, ondan ýerli häkimiýetler tarapyndan ar alynmagy bolandygyny aýtdylar.