Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistana iberilýän pullar 9 aýda $11 milliarddan geçdi


2024-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Özbegistana ýurt daşyndan iberilýän pullaryň mukdary 34,8% ýokarlandy diýip, Gazeta.uz Merkezi bankyň başlygy Mamarizo Nurmuratowyň sözlerine salgylanyp habar berdi.

Bu döwürde geçirilen pullaryň mukdary 11,62 milliard dollar boldy. Deňeşdirmek üçin aýdylsa, 2023-nji ýylyň dokuz aýynda 8,4 milliard dollar iberilipdi.

Merkezi bankyň başlygynyň sözlerine görä, Russiýadan geçirilýän pullaryň mukdary 35% ýokarlanyp, 8,75 milliard dollara ýetdi. Günorta Koreýadan 420 million, Gazagystandan - 625 million, ABŞ-dan 415 million, Türkiýeden 291 million, Britaniýadan 93 million, Polşadan 48 million dollar geçirildi. Polşadan iberilýän serişde 2 esse ýokarlanan bolsa, BAE-den geçirilen pullar 66% ýokarlandy diýip, habarda bellenýär.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýanwar aýynda ýurduň 100 müňe golaý raýatyny guramaçylykly işe almak üçin daşary ýurtlarda işlemäge taýýarlamagy guramagy buýurdy.

Biraz soň Daşarky zähmet migrasiýasy gullugy Germaniýada, Günorta Koreýada, Polşada, Britaniýada we beýleki ýurtlarda işlemek üçin 50 müň iş ornuna işgär alynjakdygyny yglan etdi.

XS
SM
MD
LG