Özbegistanyň Fergana welaýatynyň kazyýeti 51 ýaşly Alişer Holikowy Russiýanyň ýaragly güýçleriniň hataryndaky tölegli gullugy üçin 5 ýyl azatlykdan mahrum etdi.
4-nji noýabrda çykarylan höküm merkezi aziýaly migrantlaryň ýüzbe-ýüz bolýan töwekgelçiliklerini we olaryň Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşuna gatnaşmagynyň agyr kanuny netijelerini görkezýär. Özbek raýaty Holikow Russiýa ilki iş gözläp barypdy.
Onuň kynçylyklary 2023-nji ýylyň noýabr aýynda, rus iş berijisi bilen tölenmedik aýlyk üstünde eden dawasyndan we polisiýanyň tussag etmeginden başlandy. Jenaýat jogapkärçiligine çekilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolan Holikow Russiýanyň Goranmak ministrligi bilen şertnama baglaşmaga mejbur edildi. Habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, goragsyz migrant işçi bolansoň, ol basyş astynda harby gulluga ýazylypdyr.