Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Öz welaýatymyzda iş bolanda, Aşgabada gelmezdik' – baýramdan öň paýtagtdan kowlan içerki migrantlar


Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Türkmenistanda 27-nji sentýabrda bellenip geçilýän Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, häkimiýetler baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk işleriniň çäklerinde, adat bolşy ýaly, içerki migrantlary paýtagt Aşgabatdan we onuň etegindäki sebitlerden kowup çykarýarlar.

“Biziň öz ýaşaýan welaýatlarymyzda iş tapdyran bolanda, ilatyň ýaşaýyş durmuş-şertleri amatly bolanda, biz eklenç çeşmesini gözläp, Aşgabada gelmezdik” diýip, ýaňy-ýakynda paýtagtdan kowlan Mary welaýatynyň bir ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Türkmenistanda häkimiýetler Garaşsyzlyk, Bitaraplyk we Konstitusiýa güni ýaly möhüm döwlet baýramçylyklarynyň öňüsyrasynda ýurduň paýtagtyny içerki migrantlardan arassalamak işlerini güýçlendirýärler.

“Biz paýtagtyň golaýynda jaý salmak, içerki we daşarky diwarlara şpaklýowka çalmak, boýag etmek, ýaly gurluşyk işlerinde işläp, kireýine ýaşaýan jaýymyzdan gaty uzaga-da gitmän gazanç edýärdik. Ýöne polisiýa işgärleri bizden Garaşsyzlyk baýramy geçýänçä tizden-tiz öz welaýatymyza gitmegi talap etdi” diýip, paýtagtyň etegindäki Änew şäherinde ýaşaýan birnäçe maryly migrant aýdýar.

Änew şäheri Ahal welaýatynyň öňki dolandyryş merkezi bolup, paýtagtyň gündogar eteginde ýerleşýär. Türkmenistanda gurluşyk işleriniň agramly bölegi esasan paýtagt Aşgabatda, onuň eteklerinde, galyberse-de, Arkadag şäherinde alnyp barylýar.

Şol bir wagtda, içerki propiska düzgünlerini saklap galýan ýurtda agyr şertlerde gazanç edip, güzeran aýlaýan içerki migrantlar paýtagt Aşgabatda we onuň töwereklerinde köplenç wagtlaýyn ýazga alynman, möhüm seneleriň öňüsyrasynda, eden-etdilikli görnüşde paýtagtdan kowlup bilinýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy polisiýa tarapyndan güpbassy edilip, ýaňy-ýakynda Ahal welaýatyndan Mary welaýatyna ugradylan içerki migrantlaryň birnäçesi bilen hem söhbetdeş boldy.

“Polisiýa reýd geçirip, bizi tutup saklady we polisiýa bölümine äkitdi, soňra bolsa, ýolagçy otlusyna zor bilen mündürip, Mary welaýatyna ugratdy” diýip, içerki migrant telefon söhbetdeşliginde aýdýar.

Ol polisiýa işgärlerine tutulman, yzda galmagy başaran obadaşlaryna jaň edip, öz geýim-gejimlerini, yzda galan goşlaryny taksilerden ibermegi soraýar.

Bu aralykda, Mary – Aşgabat aralygynda gatnaýan taksiler hem, Garaşsyzlyk baýramçylygy zerarly, polisiýa basyşlaryna sezewar bolýarlar.

Bu ugur boýunça kireý edýän hususy taksi sürüjileri has ozal özlerinden diňe Änew şäherindäki esasy bazaryň hem-de otly menziliniň golaýyndaky duralgalarda durmagyň talap edilendigini, häzir bolsa, özleriniň bu ýerlerden hem kowulýandyklaryny aýdýarlar.

“Bu duralgalarda diňe [Ahal welaýatynyň] Tejen etrabyna gatnaýan taksilere durmaga rugsat berilýär. Mary we Lebap welaýatlarynyň döwlet belgileri bolan awtoulaglar hatda Änew şäherine-de goýberilmeýär” diýip, taksi sürüjileri aýdýar.

Günorta sebitde häkimiýetler welaýatlardan baran keseki migrantlary paýtagtdan we onuň töweregindäki sebitlerden kowup çykarmak işlerini güýçlendirýän mahaly, baýramçylygy Aşgabatda geçirmegi meýilleşdiren käbir maşgalalar hem planlaryny goýbolsun edýärler.

“Biziň çagalarymyz onsuz hem hiç ýere çykyp görmediler, şonuň üçin çagalar bilen baýramçylygy Aşgabatda geçireris öýdüpdik, paýtagtda maşgala bolup, bileje gezelenç ederis öýdüpdik” diýip, beýleki bir welaýat ýaşaýjysy gürrüň berýär.

Türkmen häkimiýetleri özleriniň “aýna ýaly arassa şäher” hökmünde mahabatlandyrýan Aşgabat şäherinde hususan-da baýramçylyk senelerinde içerki migrantlaryň bolmazlygyny ýa-da olaryň köpçülige görünmezligini üpjün etmegi gazanmak ugrunda aýratyn tagalla edýärler.

Bu aralykda, döwletden aýlyk alýan býujet işgärleri, talyplar we beýlekiler Garaşsyzlyk baýramynda häkimiýetleriň guramalaşdyrýan dabaralaryna gatnaşmaga mejbur edilýärler.

Ýurduň özbaşdaklygynyň bellenip geçilýän gününde häkimiýetler içerki migrantlary paýtagtdan kowup hem-de býujet işgärlerini garaşsyzlyk çärelerine mejbury çekip, onsuz hem ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän halky bu ugurda köpçülikleýin mobilizasiýa etmek bilen, adamlarda döwlet garaşsyzlygynyň hem-de özygtyýarlylygynyň ähmiýeti bilen bagly soraglaryň döremegine sebäp bolýarlar.

“Biz öz ýurdumyzyň paýtagtyndan kowulýan bolsak, onda bu ýurduň garaşsyzlygy bize nämä gerek?” diýip, ýaňy-ýakynda Aşgabatdan kowlan bir migrant aýdýar.

Dünýä jemgyýetçiligi, daşary ýurt hökümetleri we halkara guramalary Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar edip, onuň özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine sarpa goýulmagy ugrunda çykyş edýärler. ‘Döwlet diňe halky bilen döwletdir’ şygaryny gaýtalaýan türkmen häkimiýetleri garaşsyz ýurduň halkyny daşarky dünýäden üzňelikde we garyplykda saklap, olaryň durmuş we ykdysady hukuklaryny basgylap, ilatda özlerine bolan garşylyk duýgularyny öjükdirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG