10-njy iýulda Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow Kabulda bu ýurduň “Talyban” dolandyryjylarynyň daşary işler ministri Amir Han Muttaki bilen duşuşyp, türkmen gazyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana akdyrmagy göz öňünden tutýan TOPH proýektini gürleşdi. Bu barada Russiýanyň TASS gullugy habar berýär. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy bu duşuşyk barada maglumat bermeýär.
Muttaki, aýdyňlaşdyrmazdan, bu proýekt bilen bagly öz ýurdunda bar bolan meseleleriň çözülmegine we bu ugurda hakyky işleriň başlanmagyna umyt edýändigini aýdypdyr.
Şol bir wagtda, TOPH taslamasyna gatnaşyjy taraplar onlarça ýyl bäri durnuksyzlykdan ejir çekip gelýän Owganystanyň üstünden geçmeli halkara taslamanyň howpsuzlyk meseleleriniň çözgüdi bilen bagly ýagdaýlary aýdyňlaşdyrmaýarlar.
Taslamanyň Owganystandan geçýän böleginiň gurluşygyna 2018-nji ýylyň fewralynda badalga berlendigi yglan edilen-de bolsa, geçen döwrüň dowamynda gurluşyk işlerinde uly öňe gidişlik gazanylmady.