Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynda güýçli ýagyş we tupan zerarly ölenleriň sany 40-a ýetdi, 347 adam ýaralandy diýip, Talyban hökümetiniň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary Şarafat Zaman 16-njy iýulda aýtdy.
Şeýle-de, owgan wekili tupan zerarly köp öýüň ýumrulandygyny habar berdi, emma anyk sanlary bermedi.
Zaman sebite kömek we saglygy saklaýyş işgärleriň gelendigini hem-de olaryň kömek bermek boýunça tagallalaryny halkara guramalary bilen utgaşdyrýandygyny aýtdy.
Şeýle-de bolsa, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Azadi Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylar resmi kömegiň ýoklugyna nägileligini bildirdiler.
15-nji iýulda suw joşmasy Panjşir we Kunar welaýatlarynda hem boldy. Kunarda azyndan bäş adam heläk boldy.