Etniki gazaklar Kaýşa Akan, Kaster Musahan, Murager Alimuly birnäçe ýyl mundan ozal Sinjiangda yzarlanmalardan gorkup, Hytaýdan gaçdylar we Gazagystan serhedinden bikanun geçdiler. Olar indi üç ýyldan bäri bosgunlyk şahadatnamasy bilen ýaşaýarlar; Astana olara ne graždanlyk berýär, ne-de üçünji ýurda gitmäge dokument. Bosgunlar bolsa Sinjiangda galan dogan-garyndaşlaryna Pekiniň basyş edip, olary Hytaýa dolanmaga mejbur etmek isleýändigini aýdýarlar.
KAÝŞA AKANYŇ 70 ÝAŞYNDAKY EJESINIŇ ÜSTÜNE POLISIÝA IŞGÄRLERINIŇ GATNAWY
Kaýşa Akan 2018-nji ýylyň maý aýynda, Gazagystana gaçyp geldi. Ol dokumentsiz we wizasyz “Horgos” kontrol-barlag punktynyň üstünden, serhetden bikanun geçdi. Onuň gaçmagynyň sebäbi Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda gazaklaryň yzarlanmagydyr, Kaýşa "syýasy taýdan gaýtadan terbiýeleýiş lagerine" düşmekden gorkupdyr. Sinjiangdaky ilatyň ýüz müňlerçesini – uýgurlary, gazaklary we beýleki türki dilli ýerli halklaryň wekillerini tussag edýärler (Resmi Pekin ýapyk guramalaryň ulgamyny döretmegini raýatlary deradikalizasiýa etmek zerurlygy, olara hytaý dilini we medeniýetini öwretmek islegi bilen düşündirýär, emma ol lagerleriň öňki tussaglary türmelere meňzeş edaralaryň diwarlarynyň aňyrsynda rehimsiz gynamalar, mejbury zähmetiň peýdalanylmagy, medisina barlaglarynyň geçirilýändigi barada gürrüň berýärler.).
Häzir 47 ýaşly Kaýşa Almaty welaýatynyň Talgar şäherinde ýaşaýar. Gazagystanda ol ýerli ýaşaýjy bilen maşgala gurdy, ýöne onuň kimligini subut edýän dokumentiniň ýoklugy sebäpli, ýanýoldaşy bilen resmi taýdan nikany hasaba aldyryp bilmeýär.
Kaýşa Akanyň 70 ýaşly ejesi, onuň uly ogly we iki dogany Sinjiang welaýatynyň Togyztarau etrabynda ýaşaýarlar. Kaýşa ejesini Gazagystana getirmek isleýändigini, munuň üçin beýleki dogan-garyndaşlarynyň üsti bilen ejesine çakylyk ýollandygyny aýdýar. Emma Hytaý tarapy oňa ýurtdan çykmaga rugsat bermän gelýär.
— 70 ýaşlaryndaky ejem köplenç welaýat polisiýasynyň gysyşyna duçar bolýar. Ejemiň aýtmagyna görä, olar meniň meýletin yzyma dolanmagymy talap edýärler. "Ýogsa-da biz ony ýylyň ahyryna çenli özümiz yzyna getireris" diýip haýbat atýarlar. Olar "Gazagystan bilen gidenleri yzyna dolamak boýunça gepleşikler alnyp barylýar" diýipdirler. Golaýda meniň agama hem birnäçe ýaragly polisiýa işgäri haýbat atypdyr. Olar başga bir ýerde işleýän dogany-da oba getirip, obadan başga hiç ýere gitmezligi tabşyrypdyrlar. «Goý, Kaýşa öz erkine dolanyp gelsin. Eger ol yzyna dolanyp gelse, bankdaky puluny we jaýyny yzyna bereris» diýip, hossarlaryma aýdypdyrlar. Aslynda olar meni derrew türmä basarlar – diýip, Kaýşa Akan howatyr edýär.
Bosgunlyk şahadatnamadan başga dokumenti bolmadyk Kaýşa häzir işsiz.
Kaýşa Akan we Sinjiangdan gaçan ýene-de iki gazak ýigidi Kaster Musahan we Murager Alimuly Gazagystanyň graždanlygyny almak üçin ýüz tutdular. Emma ýurduň Içeri işler ministrligi "Ilatynyň migrasiýasy hakyndaky" kanunyna salgylanyp, olara graždanlyk berilmejekdigini aýdypdyr.
Kaster bilen Murager hem yzarlamalardan gorkup, Sinjiangdan gaçyp çykdylar. Olar 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda, Gündogar Gazagystan oblastynyň Zaýsan etrabyndaky serhet bekedinden geçdiler.
Gazagystanyň Içeri işler ministrligi 2020-nji ýylyň oktýabrynda Kaýşa Akana, Kaster Musahana, Murager Alimula we Bagaşar Malikula bosgunlyk statusyny berip, olara bir ýyllyk şahadatnama gowşurdy. Gazagystanyň häkimiýetleri indi 3-nji ýyl yzly-yzyna ol şahadatnamalaryň möhletini uzaldýarlar.
HIÇ BIR HUKUKSYZ
35 ýaşly Kaster Musahan häzirki wagtda Almaty etrabynda mal bakýar. Ol araçäkden bikanun geçendigi üçin, türmä basylyp çykandan soň, iliň malyny bakyp gazanç edýär. Sinjiangda wagtynda Kaster atlary ýaryş üçin seýisleýärdi. Kaster bir aý çemesi mundan ozal Almaty şäherine gelip, barly adamyň atyny ýaryş üçin seýisleýändigini gürrüň berdi.
— Hytaýdaky ähli dogan-garyndaşlarymyň arasynda, indi diňe ejem üçin alada edýärin. Gaýgy-alada sebäpli 60 ýaşly ejemiň saglygy ýaramazlaşdy. Onuň bejergi almaga mümkinçiligi ýok. Meniň ýene kiçi doganym bar. Ol hem syrkaw, işlemäge mümkinçiligi ýok. 2016-njy ýylda ony "syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş lagerine" dykdylar. Ol diňe şu ýylyň mart aýynda, ol ýerden çykyp bildi. Onuň aşgazanynda perforasiýa – deşik bardygyny aýtdylar. Ol entek öýlenmäge-de ýetişmedi. Ol 2019-njy ýylda lagerden boşadylmalydy. Ýöne men gaçyp çykanymdan soň, ony goýbermediler– diýip, Kaster gürrüň berýär.
Onuň aýtmana görä, Hytaýyň häkimiýet wekilleri yzygiderli dogan-garyndaşlarynyň üstüne gelýärler. Polisiýa işgärleri ejesinden we kiçi doganyndan, Kasteriň nirede ýaşaýandygyny we näme edýänini soraýarlar.
— Her gezek jaň edenimde, ejem öz ýagdaýyny aýdyp aglaýar. Men olara hiç bir kömek edip bilemok. Bu ýerde özüm hem hukuksyz. Özümiň kim üçin we näme üçin ýaşaýandygymy bilemok. Meniň hiç hili dokumentim ýok. Eger-de Gazagystan häkimiýetleri raýatlyk hukugyny bermek islemeseler, iň bolmanda ýol dokumentlerini bersinler. Biz daşary ýurda gidip, ol ýerden iş tapardyk – diýip, Kaster gysylýandygyny aýdýar.
Kaster bilen Gazagystana gaçyp geçen 29 ýaşly Murager Alimulynyň Sinjiangda ene-atasy, aýaly we kiçi ýaşy ogly galdy. Murager häzir Almatydaky ýakyn garyndaşynyň kafesinde, aşpez bolup işleýär.
– Tanyş adamlarym we obadaşlarym [Sinjiangdan] 14 günlük gelýärler (Gazagystan Hytaýyň graždanlaryna iki hepdä çenli ýurtda wizasyz bolmaga rugsat berýär. – Red.). Käte men olar bilen duşuşýaryn. Olaryň aýtmagyna görä, [polisiýa] “Biz Murageri nähili bolsa-da getireris, onuň gitjek ýeri ýok" diýýärmiş. Meniň pikirimçe, gazak häkimiýetleriniň bize iň bolmanda syýahatçylyk dokumentlerini berip bilmezligine Hytaý täsir edýär. Belki, olar basyş edýändirler – diýip, Murager aýdýar.
NÄME ÜÇIN ÜÇÜNJI ÝURDA GITMEK ÝOLUNY ÝAPYLÝAR?
Gazagystanyň "Bosgunlar hakynda" kanunynyň 9-njy maddasynda, bosgunlara "işlemäge ýa-da telekeçilik işlerine erkinlik berilýär, şeýle-de ýol resminamasyny almaga hukugy bar" diýilýär. Emma Kaýşa, Kaster we Murager bu hukuklardan peýdalanyp bilmeýändiklerini aýdýarlar, sebäbi olarda IIN – indiwidual indentifikasiýa nomeri ýok.
Hytaýly bosgunlar bolsa, "bosgunlyk şahadatnamasy bilen ne sosial, ne-de medisina kömegini almak ýa-da iş tapmak mümkin däl" diýýärler. Olar hatda öz adyna telefon belgisini hem hasaba aldyryp bilmeýändiklerine nägile bolýarlar.
Meseläni çözmegiň ýollarynyň biri hökümde olar üçünji ýurda geçmegi görýärler.
2021-nji ýylda olaryň üçünji ýurda gitmek haýyşlaryna Gazagystanyň Içeri işler ministrligi "Migrasiýa hakyndaky" kanuna üýtgetme girizilýändigini, "Şol üýtgeşmeler bosgunlara halkara derejesinde hereket etmäge mümkinçilik berjekdigini, şeýle hem wiza almak we ony resmileşdirmek meselesiniň ýeňilleşdiriljegini” aýtdylar. Şeýlelikde, ol kanun bosgunlaryň islendik ýurtdan, şol sanda olary kabul eden ýurdundan hem çykmak hukugynyň amala aşyrylmagyna ýardam edip biler. Ýöne eýýäm iki ýyl geçse-de, ol kanun kabul edilmedi.
Kanuna haçan garaljagy-da belli däl, eger ol kabul edilse, täze düzgünleriň nähili netije berjekdigi-de anyk mälim däl.
Hytaýdaky gazaklaryň problemalary bilen iş salyşýan, özi-de Hytaýdan gelenlerden biri bolan aktiwist Auyt Mukibek ýol dokumentlerini bermekden boýun gaçyrylmagyň syýasy sebäplere esaslanýandygy göz öňünde tutýar.
— Iki ýurduň arasynda, Sinjiangdan gelen bosgunlaryň yzyna berilmegi hakda, ylalaşyga gelnendigi baradaky gürrüň ýalan bolup biler. Sinjiangdaky polisiýa işgärleri bosgunlaryň garyndaşlaryny gorkuzmak ýa-da aldamak maksady bilen ýalan sözleýän bolmaly. Emma dokument bermek barada kanunda ýazylypdyr, hakykat ýüzünde ony bermeýärler, ine, bu fakt, eýsem goňşy döwletiň bosgunlaryň üçünji ýurda gitmek meselesine täsiri barmy diýen sorag orta çykýar – diýip, ol aýdýar.
Hytaýyň Şinjiang welaýatynda ýaşaýan uýgurlaryň we beýleki musulman dinine uýýan etniki azlyklaryň wekilleriniň “syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş lagerlerine” mejbury ýerleşdirilýändigi baradaky habar 2017-nji ýylda peýda bolupdy. BMG-niň maglumatyna görä, Sinjiangdaky mejbur ediş «lagerlerinde» bir milliondan az bolmadyk adam saklanypdyr. Hytaý owal başda beýle lageriň bardygyny ýalana çykardy, soňra muny “terrorizme we ekstremizme garşy göreşmek” üçin, “hünär öwrediş merkezleri” diýip atlandyrdy. Şol gysyşlaryň netijesinde, Sinjiangyň ýerli ilatyndan bolan käbir uýgurlar we gazaklar Hytaýdan gaçmagy başardylar.
Gazagystanyň häkimiýetleri özleriniň esasy maýa goýujy we karz berýänlerden biri bolan Hytaýy tankytlamakdan gaça durýarlar. Sinjiangda dogan-garyndaşlarynyň gysylýandygy hem-de maşgalanyň birleşmegine rugsat bermegi talap edip, Almatydaky Hytaý konsullygynyň öňünde piket geçiren gazaklary saklaýarlar we jerime salýarlar. Ekspertler Astana infrastruktura gurluşyny alyp barýan we ýurda maýa goýýan öz goňşusynyň nägileligini döretmekden gorkýar diýýärler, Hytaý özüniň geosyýasy maksatnamasyny «Bir guşaklyk — bir ýol» başlangyjy bilen öňe sürýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum